Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge mümkinçilik alarlar

Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge mümkinçilik alarlar

5-nji iýulda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler.

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýran raýatlary saýlawa gatnaşyp bilerler. Ses beriş nokatlary Aşgabatdaky Eýran ilçihanasynda we Marydaky baş konsullygynda açylar.

Ses berişlik Türkmenistanyň wagty bilen irden sagat 08:00-dan agşam 18:00-a çenli dowam eder. Eýranly sürüjileriň amatlygy üçin Lotfabad we Aşgabat terminallarynda mobil ses beriş gutusy hereket eder.

Geçen hepde geçirilen birinji tapgyrda iki dalaşgär - Masud Pezeşkian we Said Jalili ikinji tapgyra geçdiler. Eýranly saýlawçylar hut olaryň ikisiniň arasynda soňky saýlawyny etmeli bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes dükany — durmuş stilini sport we moda hasaplaýanlar üçin
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes multibrend dükany sport aýakgabyny satyn alanlara sowgat berýär
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistanyň Eýrandan nebit däl önümleriniň importy 103% ýokarlandy