Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda Özbegistana hemişelik göçýän maşgalalar köpelýär

Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda Özbegistana hemişelik göçýän maşgalalar köpelýär

Etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan sebitleri bolan Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan goňşy Özbegistana hemişelik göçýän maşgalalar köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýan emigrasiýa meýilleriniň yzyny çalýar.

Häkimliklerden, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralaryndan we migrasiýa edaralaryndan resminama toplaýan adamlaryň aglabasy ýurtdan hemişelik göçüp gitmek üçin zerur bolan resminamalary toplaýan adamlar diýip, ýagdaýdan habarly bir ýerli çeşme anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda Özbegistana maşgala bolup göçüp gitmeklik meýiller käbir etraplarda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy” diýip, ýerli çeşme aýdýar.

Ýerli synçylara görä, Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar, diýdimzor syýasat ilat arasynda, hususan-da, milli azlyklaryň arasynda emigrasiýa meýillerini güýçlendirýär.

Aýry-aýry çeşmeler habarçylarymyz bilen gürrüňdeşlikde ýurtda soňky ýyllarda depgini güýçlendirilen “türkmenleşdirme” syýasatynyň milli azlyklaryň hukuklaryny çäklendirendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy bu sebitlerde geçirilýän toý çärelerinde hatda özbek aýdymlarynyň hem gadagan edilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler ýokary döwlet wezipelerine bellenilmeýär.

Dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijeleri ýurtda ýaşaýan etniki azlyklar boýunça statistiki sanlary aýan etmedi.

Özbegistanyň statistika agentliginiň oktýabryň aýagynda çap eden sanlaryna görä, diňe şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda 2 müň 700 çemesi türkmenistanly Özbegistana hemişelik göçüp bardy. Dokuz aýyň dowamynda jemi 168 müň 700 daşary ýurt raýaty bu ýurda göçüp barypdyr. Degişli döwürde 181 müň 100 özbegistanly daşary ýurt döwletlerine emigrasiýa çykypdyr.

Statistika sanlaryna görä, ýanwar-sentýabr aralygynda 360 töweregi özbegistanly Türkmenistana göçüp bardy.

Türkmenistandan Özbegistana emigrasiýa çykýan raýatlar Özbegistanyň esasan Türkmenistan bilen serhet ýakada ýerleşýän Horezm we Buhara welaýatlaryna göçüp barýarlar.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Lebap welaýatynyň Kerki we Dostluk şäherlerinden, şeýle-de Amyderýa we Kerkiçi şäherlerinden goňşy ýurda hemişelik göçüş meýilleriniň aýratyn göze ilýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň hukuklarynyň basgylanmagy, milli azlyklardan düzülen obalaryň boşap galmagy ýaly ýagdaýlar boýunça ýyllar boýy habar berip gelýär.

Türkmen resmileri milli azlyklaryň hukuklaryna bagyşlanýan halkara ýygnaklarda ýurtda ýaşaýan 61 milletiň wekilleriniň sazlaşygynyň üpjün edilýändigini öňe sürýärler, ýöne etniki azlyklar boýunça ilat ýazuwynyň netijelerini aýan etmeýärler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda özbek dilli mekdepler ýapyldy. Etniki özbekler özleriniň ene dillerinde bilim almak mümkinçiliklerinden mahrum edildi.

Mundan ozal, Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanda raýatlyk pasportynyň täze nusgasynda pasportyň eýesiniň etniki gelip çykyşyny, ýagny milletini ýazmak tejribesiniň aradan aýrylýandygyny habar berdiler.

Ýapyk Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar ençeme ýyllardan bäri raýatlary köpçülikleýin ýurdy terk etmäge iterýär.

Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary ýurtda ýaşaýan etniki ruslaryň emigrasiýa tolkunlarynyň hem dowam edýändigini habar berdiler.

Has ozal, Azatlygyň çeşmeleri 2009-2019-njy ýyllar aralygynda 2 million çemesi türkmenistanlynyň ýurdy hemişelik terk edendigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwleti 100 ýaşady
Türkmen döwletliligi 'global öwrülişikleriň bosagasynda' ikinji ýüzýyllyga gadam basýar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
DT: Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar
Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi
HAD, Ermenistandan Azerbaýjanlylara Garşy Etniki Diskriminasiýanyň Öňüni Almagyny Isledi