Türkmenistanda ýaş telekeçiler üçin onlaýn forum geçiriler

Türkmenistanda ýaş telekeçiler üçin onlaýn forum geçiriler

Şu gün USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek taslamasynyň goldawy bilen Türkmenistanda ýaş telekeçiler üçin Tech Stars Startup Weekend onlaýn forumy öz işine başlady.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu çäräni Orlan hususy kärhanasy MOST biznes inkubatory (Gazagystan) bilen bilelikde guraýar.

Forumyň çäginde telekeçilere iş meýilnamasyny düzmek, geljekki önümiň ýa-da hyzmatyň prototipini emele getirmek, şeýlelikde iş başlangyjyny kemala getirmek boýunça maslahatlar berler.

Bu çäre halkara hünärmenleriniň maslahatlaryny, peýdaly teklipleri hem öz içine alýar.

Forum 17-nji martda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Startup Weekend” forumy geçiriler
Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar
Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar