Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi

Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi

Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi resmi taýdan köpeldildi. Degişli resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda çap edildi.

Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de has-da gowulandyrmak maksady bilen, degişli Karara gol çekendigini habar beripdik.

Indi Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalar zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhletli 20 müň manada çenli ýeňillikli karz alyp bilerler.

Türkmenportal-yň maglumatyna görä, ýeňillikli karzdan är-aýalyň hersiniň ýaşy 35 ýaşa ýetmedik we nikasy 2011-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan öň hasaba alynmadyk maşgalalar peýdalanyp bilerler. Karz är-aýalyň diňe birine berilýär we girew hökmünde diňe üçünji tarapyň kepilligi talap edilýär.

Ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karz almak üçin zerur resminamalar:

• anketa (bankda doldurylýar); • karz alyjynyň pasportynyň göçürmesi; • karz alyjynyň şahsy sahypasynyň göçürmesi; • karz alyjynyň iş ýerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky kepilnama); • 2 zamunçynyň pasportynyň göçürmesi we iş ýerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky kepilnama); • nika şahadatnamasynyň we äriniň (aýalynyň) pasportynyň göçürmesi; • Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralaryndan karz alyjynyň we onuň äriniň (aýalynyň) 16 ýaşyndan şu güne çenli nikadan geçmändigi barada şahadatnama; • ýaşaýan ýerinden kepilnama.

Ýene degişli makalalar

AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenportal we Sarayan HJ hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler
Stambula barýan uçarlaryň sany artýar, wiza almak kynlaşýar
Türkmenistanda güýçli gar ýagýar, howa aşa sowaýar
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?