Türkmenistanda ýag krizisi möwjeýär. WIDEO

Türkmenistanda ýag krizisi möwjeýär. WIDEO

Türkmenabadyň bazarlarynda döwlete degişli söwda nokatlarynda satylýan ýagyň hyrydary barha köpelýär. Bazar nyrhyndan biraz arzan ýagyň satylan wagtynda döreýän nobatlarda bidüzgünçilikler artýar. Balkanda nyrhy günde üýtgeýän günebakar ýagy satuwda seýrek bolýar.

Balkanda günebakar ýagynyň ýene gymmatlandygyny we käbir şäherlerde satuwdan ýitirim bolandygyny 12-nji noýabrda habar beren ýerli habarçymyza görä, şu günler iň arzan ýagyň bir litri 42 manatdan satylýar. Deňeşdirme üçin geçen hepdäniň dowamynda iň arzan günebakar ýagy hususy söwdada 35-37 manatdan satylýardy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, geçen hepdede Türkmenbaşynyň döwlet dükanynda ýag söwdasynda dörän dawadan soň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan ýag satuwy doly ýatyrylypdyr.

6-njy noýabrda şäheriň 1-nji döwlet dükanynda bir litri 18 manatdan satuwa çykarylan ýagyň ýany bilen bahasy 30 manatlyk Türkiýede öndürilen miwe suwuny satyn almak talap edilipdi. Şonda nobatda duran bir müňe golaý adamyň arasynda nägilelik döräpdi. Dörän ýakalaşma dükanyň ýapylmagy bilen tamamlandy.

Balkandaky habarçymyzyň 12-nji noýabrda beren maglumatyna görä, geçen hepdedäki ýagdaýdan soň ýerli häkimiýetler döwlet dükanlarynda arzan ýagyň söwdasyny tas doly togtadypdyr we dükan satyjylary üçin ýörite sapak geçirmek işini ýola goýupdyr.

"MHM ofiserleri bolup biljek protest ýakalaşmalaryň öňüni almak maksady bilen dükan satyjylary üçin bir hepdelik okuw sapaklaryny geçýärler we döwlet dükanlarynda dükan satyjylarynyň hasabyna TMcell sim-kart üsti bilen internet arkaly uzak aralykdan görkezýän kameralary gurnaýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly çeşmeler ilatyň iýmit zerurlygynyň esasyny düzýän ösümlik ýagyny häzirki bazar nyrhyndan satyn almagyň köp maşgalalar üçin elýeterli däldigini aýdýarlar.

"Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ýagy 40 manatdan geçýän bahadan satyn alyp bilmän, gaty kösenýän maşgalalar gitdigiçe köpelýär. Käbir raýatlar tanyşlary Aşgabatda ýaşaýan bolsa olardan haýyş edip, 18 manatdan satylýan günebakar ýagyny sargaýarlar. Elbetde bu çykalga däl, emma her kim mümkinçilik gözleýär" diýip, balkanabatly çeşme aýdýar.

Bu aralykda Balkanabatda gytçylyk diňe bir günebakar ýagyna däl, eýsem pagta ýagyna hem degişli. "Pagta ýagy hem satuwa çykarylmady, adamlar pagtanyň hapa ýagyna-da zar boldular" diýip, habarçymyz belleýär. Onuň sözlerine görä, öň satuwda bir kilogramy 30 manatdan satylan malyň ýagy şu günler tapdyrmaýar we Maryda öndürilýän arzan margarin ýagyny hem tapmak işi kynlaşypdyr.

Günebakar ýagy döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasyndan, ýagny bir litri 18 manatdan Lebap welaýatynda satylýar. Emma Türkmenabadyň “Gök” bazarynda günebakar ýagy satylanda uly nobatlar döreýär, hyrydarynyň sany gün-günden artýar.

Azatlyk Radiosyna gowşan wideoda döwletiň garamagyndaky söwda nokadynda ösümlik ýagynyň satylan wagtynda dörän nobaty görmek mümkin.

Şäher ýaşaýjylarynyň 12-nji noýabrda gürrüň bermegine görä, şol gün daňdan bazaryň üç ýerinde arzan bahadan Russiýada öndürilen "Maslenitsa" markaly günebakar ýagy bir litri 18 manatdan satylypdyr.

“Goňşym, hökümet bazara ýene-de ýag çykarypdyr diýip aýdan soň irden bazara gitdim.Bazaryň merkezi girelgesinde, ortasynda we köne balykçylaryň işlän ýerinde ýag satylýan eken.Bir litr ýagyň bahasy 18 manat.

Emma öňküsi ýaly ýanyna çüýrän alma ýa-da sogan berip, 20 manatdan satýarlar.Meniň duran nobatymda 250-300-e golaý adam bardy.Beýle nobatlar köpden bäri döremändi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bazarda we hususy dükanlarda ösümlik ýagynyň bir aýdan gowrak wagtlap asla bolman, noýabr aýynyň 7-sinden bäri satylýandygyny, emma ony alyp-satýan araçylaryň kem köpdügini belleýärler. Bir litri ýanyna ýüklenýän harydyň bahasy bilen 20 manada satylýan günebakar ýagyny şol bazarlarda hususyýetçileriň elinde 30 manatdan görse bolýar diýip habarçy belleýär.

Türkmenabatda hem ýag nobatlarynda bidüzgünçilikler döreýär. Nobatlarda duran adamlaryň arasynda dartgynlylyk artýar.

Bu aralykda Çärjew etrabynyň obalarynda döwlet dükanlarynda il arasynda “paýok” diýip atlandyrylýan, un satylyp başlandy. Döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satylýan un alyjylara satylmaly bahasyndan 18% ýokary bahadan satylypdyr.

“11-nji noýabrda dükana un geldi diýip, habar berdiler. Bütin oba bolup, un almaga gitdik. 50 kg unuň resmi bahasy 170 manat, emma dükan satyjysy özüne goşmaça gazanç etmek üçin onuň üstüne 30 manat goýup satdy. Adamlar 'un bolsa bolýar' diýip, satyjynyň goşmaça gazanç etmegine hiç hili reaksiýa bildimediler” diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.

Uzaga çeken azyk gytçylygy ilat arasynda aladalanmalary artdyrýar. Ýedi ýyl bäri azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän türkmenistanlylar ýagdaýyň hasam agyrlaşmagyndan howatyrlanýarlar.

Söwda resmileri tutuş ýurtda bir aýdan gowrak wagt bäri saklanýan ýag gytçylygynyň we 2017-nji ýyldan bäri dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň sebäbini düşündirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harrisiň tarapdarlary köle bakyp gygyrdylar
Eýranda balykly ýagyş ýagdy
Häkimiýetleriň “çörek nobatsyz satylýar” düşünjesini döretmek tagallalary saklanýar
Türkmenistanda ilkinji gezek fijital sport boýunça ýaryş geçiriler
Fransiýada polisiýa gullugynyň 2 işgäri işinden uzaklaşdyrydy
Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar