Türkmenistanda wirus ýaýraýar, hassalar ys we tagam duýmaýar

Türkmenistanda wirus ýaýraýar, hassalar ys we tagam duýmaýar

Türkmenistanda täze wirus ýaýraýar. Dümewe meňzeş alamatlar bilen geçýän kesele uçran hassalar tagam we ys duýmak ukybyny ýitirýär. Medisina hyzmatlary bolsa hemmä elýeterli däl, hyzmatlaryň hiliniň pesligi we bahasynyň gymmatlygy adamlaryň saglygyny howp astyna salýar.

Azatlygyň habarçysynyň 6-njy iýunda beren maglumatyna görä, dümewe meňzeş wirusyň täze bir görnüşi paýtagtda ýaýrapdyr: "Bu dümewe sezewar bolan hassalar özleriniň iýýän iýmitiniň tagamyny duýmaýandygyndan we burnunyň ys almak ukybyny ýitirmeginden şikaýat edýärler".

Tagam we ys duýmak ukybyny ýitirmek ýaly alamatlar bilen geçýän keselçiligi anyklamak üçin ýeterlik çäre geçirilmeýär.

Paýtagtda ýaýraýan bu täze wirusyň nämedigini we onuň koronawirus bilen bagly bolup-bolmazlygyny ýurduň saglygy saklaýyş resmilerinden anyklap bolmady. Şu çaka çenli COVID-19 keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny resmi derejede ykrar etmedik Türkmenistanda koronawirus testleri geçirilse-de, netijeleri mälim edilmeýär.

Bu aralykda kadaly medisina hyzmatlary ilat köpçüligine elýeterli däl.

Saglygy bejertmek üçin talap edilýän maddy çykdajylaryň artmagy bilen bir wagtda hyzmatlaryň hiliniň aşaklamagy türkmenistanlylaryň aladalaryny artdyrýar.

Azatlygyň habarçylary medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesligi adamlaryň saglygyny howp astyna salýar diýýärler.

"Hassalaryň geçirlen operasiýadan soň gaýtadan goşmaça operasiýa mätäç bolýan ýagdaýlary köpelýär.Meselem, kör içegesini aýyrdan hassalaryň ýagdaýy gowulaşman hasam beterleýän ýagdaýlary köp bolýar.Goşmaça operasiýa edilen wagtynda içegesiniň nädogry tikilendigi, ýa-da başga bir organyna çatylandygy anyklanýar. Şeýle ýagdaýlar köpelýär, bir lukmanyň geçiren operasiýasyndan soň, başgasy gaýtadan kesip, ýalňyşlary düzetmeli bolýar.

Netijede hassa ejir çekýär, käwagt ömürlik maýyp bolýar" diýip, aşgabatly lukman, anonimlik şerti bilen gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen lukmanlar medisina hyzmatlarynyň hiliniň peselmegini korrupsiýada görýärler we parahorlugyň medisina ugrundan berilýän bilimiň hilini iňňän gowşadandygyny, okuwa derek çärelere çekilýän studentleriň soň lukman bolup işe ýerleşmeginiň-de tanyşlyga we para bagly bolýandygyny belleýärler.

"Uzak wagtlap saklanýan korrupsiýa saglygy saklaýyş pudagynyň degradirlemegine getirdi.Medisina uniwersitetine girýänler 50 müň amerikan dollaryna çenli para berip girýärler we soň lukmanyň diplomy bilen tamamlaýarlar. Şu günki gün biz şonuň erbet netijelerini lukmanlaryň taýýarlyk derejesinde görýäris.

Lukmançylyk kärine eýe bolan müňlerçe pes hünärli eli diplomly lukmanlar häzir Türkmenistanyň ähli saglyk merkezlerinde we hassahanalarynda ilatyň saglygyny barlamak we bejermek işini alyp barýarlar" diýip, anonim gürleşen saglyk resmisi aýdýar.

Aýallaryň saglygy boýunça lukmanlaryň gürrüň bermegine görä, akuşer we ginekologiýa ugrunda ters bejergi zerarly dünýäsini täzeleýän zenanlaryň, ýa-da hemişelik maýyp galýan we soň çaga doguryp bilmeýän aýallaryň sany köp.

"Göwrelilik wagtynda dogry bejergi berilmän, lukmanlaryň oz wezipelerine sowuk-sala garamagy netijesinde göwreli aýallaryň we çaga dogran wagtynda ganyny saklap bolmazdan, bimahal ýogalýan halatlary bolýar. Bäbekler ejesiz ýetim galýar. Pajygaly wakalaryň sany artýar" diýip, lukman aýdýar.

Türkmenistanda raýatlaryň saglygyny bejertmegi uly mesele bolmagyna galýar. Maddy mümkinçiligi bar adamlar saglygyny daşary ýurtlarda bejertmegi makul tapýarlar. Türkiýe, Hindistan we Orsýet türkmen raýatlarynyň saglygyny bejermek üçin köp barýan ýurtlarynyň arasynda galýar.

Türkiýäniň hassahanalarynda işleýän türkmen lukmanlary Türkmenistanda operasiýa etdirip, soň Türkiýä agyr halda barýan hassalaryň köp duş gelýändigini gürrüň berýärler.

Türkiýedäki lukmanlar hem türkmen hassalarynyň käbirine goşmaça operasiýa etmeli bolýan halatynda ozalky operasiýasynyň ýalňyşlyklarynyň anyklanýandygyny, hassalaryň bedenlerinde medisina gurallaryň demir bölekleri, we başga medisina serişdeleri ýaly zatlaryň hem tapylýan halatlarynyň bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň saglyk resmileri pudakdaky problemalary açyk agzamaýar. Türkmen metbugaty saglyk pudagynyň üstünlikli özgerýändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag mahabaty hassalary bejergi üçin täze şähere gatnamaga mejbur edýär
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’
Türkmenistanyň maýmyn mama kesele garşy çäreleri