Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Morosyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi pikir alyşmalaryň mazmunyny düzdi.

Diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işi, onuň ýurtda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde eýeleýän orny bilen hem tanyşdyryldy. Şunda parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Kristofer Alberto Martinez Berroteran Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Boliwar Wenesuela Respublikasynyň täze bellenen ilçisi kabul edildi
Kristofer Nolan Başlangyç filminiň jemlemesini düşündirdi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Täze Zelandiýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar gadagan ediler
Täze Zelandiýanyň täze Hökümet başlygy kasam kabul etdi
Täze Zelandiýada täze hökümet döredildi