Türkmenistanda Welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin weloýöriş geçirildi

Ýekşenbede, 3-nji iýunda Türkmenistanda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu gün BMG tarapyndan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda döredildi diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Bu senäniň hormatyna bütin ýurt boýunça, býujet edaralarynyň işgärlerini, studentleri we okuwçylary çekmek bilen, köpçülikleýin weloýörişler gurnaldy.

Mundan öň, raýatlaryň haýyşlary boýunça, paýtagtda ýollaryň awtotransport hereketi üçin doly ýapyljakdygy habar berlipdi.

Ýörişe prezidentiň özi, hökümet agzalary, ilçihanalaryň wekilleri, Orsýetiň Welosport federasiýasynyň prezidenti, üç gezek olimpiýa çempiony Wýaçeslaw Ýekimow, ARETI gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Igor Makarow dagy hem gatnaşdy. Ýekimow golaýda 2019-njy ýylda Türkmenistanda welosiped boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi teklip edipdi.

Döwlet baştutany weloýörişiň başlanjak ýerine awtomobilde geldi. Ýörişe gatnaşyjylar bilen 8,5 km aralygy geçip, prezident Berdimuhamedow olar bilen hoşlaşdy we soňra, TDH-nyň ýazmagyna görä, “öz dynç alyş gününiň üstüni goşmaça türgenleşik ýörişleri bilen ýetirmek üçin”, ýaryş trassasyna gitdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň ýazmagyna görä, Aşgabadyň häkimiýetleri Welosiped gününi geçirmek üçin bir hepde öňünden taýýarlyk görüp başladylar.

Bitaraplyk (ozalky Podwoýskiý köçesi) we Garaşsyzlyk (ozalky Sowetskiý) ýaly “protokol” köçeleri baglandy. Tämizleýjiler asfalty ýuwdular, işçiler belgileri täzelediler we köp sanly sütünleri reňklediler.

Bu köçelerdäki awtomobil hereketi hatda jemgyýetçilik transporty üçin hem ýapyldy we bu ýagdaý şäher awtobuslarynyň gatnaw tertibiniň birden üýtgedilmegine getirdi.

Ýörişe gatnaşyjylar welosipedleri we zerur eşikleri öz hasaplaryna satyn almaly boldy diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, welisiped häzir 700 manatdan 900 manada çenli pula durýar. Mundanam başga, 150 manatdan 200 manada çenli bahasy bolan sport lybaslaryny edinmeli.

Şunuň bilen bir wagtda, weloýörişe gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä, welosipedi we ugurdaş harytlary özbaşdak satyn almak bolmaýar. Puluňy başlyklara tabşyrmaly we olar gerek zatlaryň ählisini, adatça bolşy ýaly, has ýokary bahadan araçylaryň üsti bilen satyn alýarlar.

1 of 11

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi
2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler
TÜRKMENISTAN HALKARA WELOSIPEDÇILER BIRLEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy
Sloweniýaly türgeniň “Tour de France” ýaryşyndaky taryhy ýeňşi
Russiýanyň döwlet telewideniýesi koronawirusyň Türkmenistandan sowa geçişi barada ýörite reportaž efire berdi, bilermenler şübheli