16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli Ak bugdaý muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar.Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasynyň öwrenilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň iki instituty, ýagny Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döredilen türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň iş alyp barýandygyny bellediler.
Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.
Forumyň çäklerinde myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikler, hususan-da, gadymy Änew galasy we meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen tanyşdylar, şeýle hem olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alyşdylar.