Interneti berk petikleýän Türkmenistanda gizlin VPN ulgamlaryny goýup berýän ussalar Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy Pawel Durowyň Fransiýada tussag edilmegi bilen baglylykda öz gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýarlar.
Türkmenabatly we aşgabatly VPN ussalary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz olaryň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanyp, anonimaýzer hyzmatlaryny howpsuz ýagdaýda alyjylara hödür etmek üçin alternatiw platformalary gözleýändigini belledi.
"Biz VPN we anonimaýzerleri esasan, Telegramyň üsti bilen satýarys. Bu ýagdaýda milli howpsuzlyk işgärleriniň eline düşmeklik ähtimallygy peselýär. Öň 'Discord' [sosial platforma] biziň işimize ýardam ederdi. Ony-da petiklediler. Indi bolsa, Durow tussag edilenden soň, Telegramy hem doly ýapaýsalar, howpsuz we anonim ýagdaýda VPN hödür etmek üçin platforma hem ýok" diýip, aşgabatly VPN ussasy gürrüň berdi.
Pawel Durow - Telegramyň esaslandyryjysy 24-nji awgustda Parižiň etegindäki Le Bourget aeroportyna gonan wagtynda saklandy. Fransuz häkimiýetleri 1 milliard çemesi ulanyjyly messenjeriň başlygyna birnäçe jenaýata gatnaşygy bolmagy barada şübhe bildirilýändigini mälim etdi.
Türkmenistanly VPN ulanyjylary we ussalary internetiň döwlet tarapyndan petiklenýän ýurtda Telegramyň meşhurdygyny belläp, habarlaşmak mümkinçiligi we alternatiw maglumat çeşmesi hökmünde ulanylandygyny bellediler.
“Birden Telegram doly ýapylsa, türkmenistanlylara alternatiw informasiýa almak has hem agyr boljak. Kiber howpsuzlyk bölümi tarapyndan birnäçe VPN-ler köpçülikleýin petiklenen ýagdaýynda-da Telegramyň özünde ornaşdyrylan proksi serwerleriň bolmagy, VPN gytçylygyndan baş alyp çykmaklyga ýardam edýär. Ýurtda petiklenen saýtlaryň Telegram kanallaryna ýazylyp, ol ýerden audio, wideo materiallary hem görüp bolýar” diýip, türkmenabatly VPN ussasy aýtdy.
Türkmenistanda VPN-ler yzygiderli petiklenýär, olary gizlin goýup berýän ussalar yzarlanýar we ilata petikden geçmäge mümkinçilik berýän ulgamlary ulanmazlygy üçin berk basyş görkezilýär. Facebook, Instagram, Twitter, WhatsApp, Telegram we Viber ýaly sosial ulgamlar petikli galýar.
"Häzirlikçe bizde alternatiw platforma ýok. Whatsapp ýa-da Signal üsti bilen VPN we anonimaýzerleri hödürlemek işini etmek agyr. Meniň ýörite kömekçim hem bar. Ol dolulygyna Telegramda VPN satmak we şol bilen baglanyşykly dürli maglumatlary adamlara gizlin ýaýratmak işi bilen meşgullanýar. Ol hem işini ýitirjek” diýip ýene bir türkmenistanly ussa aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonim gürleşen türkmenistanly VPN ussalary internet üsti bilen gazanç etmegiň hem meşhurlygynyň ýurtda soňky ýyllarda artandygyny belläp, bu ugurdan Telegramdan peýdalanýanlaryň az däldigini aýtdylar.
"Telegram ýapylan ýagdaýynda, käbir türkmenistanlylar hökümete bagly bolmadyk gazanjyndan mahrum bolarlar. Ýaşlar Telegramyň kömegi bilen kripto hasaplaryny açyp, ýurduň içinde hem hödür edýän hyzmatlaryna Telegramyň üsti bilen kriptowalýuta arkaly tölegini alýarlar. Daşary ýurtda ýaşaýan garyndaşlaryna kriptowalýutanyň dollara çalyşygy arkaly ýurda ugratmak bilen gazanç hem edýärler" diýip, Türkmenistandaky çeşmeleriň ýene biri gürrüň berýär.
VPN ulgamlaryny gurup bermek işi bilen meşgullanýan ussalaryň maglumatlaryna görä, soňky ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanda Telegramyň agzalarynyň sany 50 müňe ýetýän türkmen dilli Telegram çatlaryň we toparlaryň birnäçesi hereket edýär. Çeşmeler olaryň ýarysyndan gowragynyň Türkmenistanyň içinde ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durowyň saklanmagy bu messenjeriň gelejegi, onuň işläp-işlemezligi barada türkmenistanly ulanyjylaryň arasynda diskussiýalary döretdi.
Durowyň Fransiýada tussag edilmeginiň yzýany bu onlaýn habarlaşma hyzmatyny hödürleýän kompaniýa Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygy esasynda iş alyp barandygyny we munuň bilen bagly hiç bir düzgünleri bozmandygyny öňe sürdi.
Parižiň prokuraturasy Pawel Durowa 12 jenaýata gatnaşyk babatynda şübhe bildirdi. Olaryň arasynda kiberjenaýatçylyk, pul ýuwmak we kriptologiki enjamy öňünden yglan etmezden import etmek ýaly meseleler bar. Fransuz mediasyna görä, ýurduň ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalara garşy zulumyň öňüni almak boýunça edarasy deslapky derňewiň netijesinde Durowyň tussag edilmegi boýunça order çykarypdyr.
26-njy awgustda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Telegram messenjeriniň esaslandyryjylarynyň biri we başlygy Pawel Durowy tussag etmek kararynyň syýasy matlaply däldigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.