Türkmenistanda VPN-programmalara isleg köpeldi

Türkmenistanda VPN-programmalara isleg köpeldi. Onuň oturdylmagy ýurtda öňi baglanan internet serişdelerine girmäge mümkinçilik döredýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Mobil telefonlaryň eýeleri petikden aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän programmany edinmek üçin serwis (hyzmat) merkezlerinde ýa-da aýratynlykdaky hünärmenlere ýüz tutýarlar. Ortaça, bu programmany oturtmak üçin Aşgabatda 50 manat soraýarlar. Emma, ony her aýda täzelemek gerek.

Ýörite gulluklar mobil telefonlary satýan, bejerýän merkezleri,dükanlary barlaýarlar. Eger-de ol ýerde şeýle programmalaryň oturdylýandygyny anyklasalar, düzgün bozujylara jerime salýarlar. Gadagan edilen programmalary oturdandygy anyklanan söwda we hyzmat nokatlarynyň ýapylan ýerleri hem bar.

Ýatladýarys, bir hepde çemesi ozal ýurtda türkmenistanlylaryň arasynda meşhur bolan “Odnoklassniki” sosial ulgamy petiklendi. Onyň belli bir usullar arkaly açmak mümkin.Emma, suratlar we wideo doly möçberinde ýüklenmeýär. Mundanam başga, sahypany açmaklyga köp trafika we pul harçlanýar.

Ýene degişli makalalar

'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Türkmenistan: Adam hukuklary babatda esasy wakalara we tendensiýalara syn
“Türkmentelekom” Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryny çalasyn, senzurasyz internet we telewideniýe bilen üpjün etdi
Lebapda häkimiýetler Odnoklassnikide goýlan laýka’ garşy göreşýär
Meşhur sosial media saýtlaryny petikli saklaýan Türkmenistan özüniň ýerli sosial toruny işe girizdi