Ozalky Sowet Soýuzynda, şol sanda Türkmenistanda 1937-38-nji ýyllarda amala aşyrylan köpçülikleýin repressiýalaryň başlananyna şu ýylyň awgustynda 80 ýyl dolýar, emma türkmen metbugatynda taryhyň bu ganly sahypalary barada näme üçindir az maglumat berilýär.
Rus metbugatynda çap edilen maglumatlara görä, 1930-1940-njy ýyllar aralygynda 8,5 milliondan gowrak adam Staliniň sosial syýasatynyň pidasy bolýar. Olaryň 760 müňden gowragy “rewolýusiýa garşy jenaýatlary” üçin diýlip, atylyp öldürilýär, 1 million çemesi adam kulakçylyga çekilip, sürgünde ölýär, ýarym milliona golaý adam GULAG-da, sowet türmelerinde heläk bolýar.
1933-nji ýylyň açlygynda 6,5 million adamyň ölendigi aýdylýar we Orsýetiň Döwlet dumasy bu adamlar “oba hojalygyny zorlukly kollektiwleşdirmek” syýasatynyň netijesinde pida boldy diýip hasaplaýar.Adam zaýaçylygynyň esasan 1930, 1931, 1932 we 1933-nji ýyllarda köp bolandygy, çen bilen 7 million adamyň öldürilendigi aýdylýar. Şeýle-de rus metbugatynda, deňeşdirmek üçin, 19411944-nji ýyllarda SSSR-iň basylyp alnan territoriýasynda, demograflaryň hasaplamalaryna görä, 4-4,5 million töweregi adamyň öldürilendigi aýdylýar.
Taryha “uly terror” ady bilen giren 1937—1938-nji ýyllarda, SSSR IIM-niň 1953-nji ýyldaky maglumatyna görä, NKWD organlary 1 million 575 müň 259 adamy tussag edipdirler, olardan 1 million 344 müň 923 adam günäli tapylypdyr, 681 692 adam atylypdyr.
Eýsem bu repressiýa Türkmenistanda nähili başlandy we onuň pidalary hakynda näme bilinýär?
1937-nji ýylyň iýul aýynda Bütinsoýuz Kommunistik Bolşweikler partiýasynyň MK-nyň partiýa kollegiýasynda Ýakow Çubiniň (1893-1956) ýolbaşçylygynda sekiz adamdan ybarat ýörite topar döredilýär we olar Türkmenistandaky “halk duşmanlaryny, sosializmiň garşysyna göreşýän elementleri ýok etmek, jemgyýeti arassalamak üçin” Türkmenistana iberilýär.
Çubiniň göni Moskwa garaşly we çäklendirilmedik hukuk berlen topary 1937-nji ýylyň awgust aýynyň başynda Türkmenistana gelip, üç adamdan, bäş adamdan ybarat, aýdany-aýdan, diýeni diýen ýerli sudlary döretmek esasynda öz işine başlaýar. Bäş adamdan ybarat sudlaryň düşümine, üçlüklerden tapawutlylykda, ýerli resmilerden başga, oba şugullary, adam satýanlar hem girizilipdir.
Türkmen taryhynyň “ak tegmillerini” ýakyndan öwrenýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň berýän maglumatyna görä, Ýakow Çubiniň topary 1937-nji ýylyň awgustyndan 1938-nji ýylyň noýabr aýyna çenli işleýär we şu aralykdaTürkmenistanda 15 müň 660 adam “halk duşmany”, “sosialistik jemgyýete ýat bolan element”, “kontrrewolýusioner”, “daşary ýurt içalysy” diýen ýaly aýyplamalar esasynda sud jogapkärçiligine çekilýär we ýyl kesilýär. Şeýle-de ýazyjy bu adamlaryň 5 müň sekiz sanysynyň atuwa höküm edilendigini belleýär.
Çubiniň toparynyň bir ýyldan sähel köpräk wagtda geçiren arassalaýyşlary netijesinde, taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä,Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly türkmen syýasatçylary hem atylyp öldürildi. Şeýle-de taryhy maglumatlar Çubiniň 1937-nji ýylyň oktýabryndan 1939-njy ýylyň noýabryna çenli aralykda, Mihail Fonin birinji sekretarlyga bellenýänçä,Türkmenistan Kommunistik Bolşewikler partiýasynyň MK-nyň birinji sekretary bolup işländigini görkezýär.
Çubiniň döreden üç, bäş adamly sudlary netijesinde “halk duşmany” bolmak üçin, wezipeli adam bolsaň, ozaly “iş başarýan, il-günüň agysyny aglaýan adam bolmalydy diýip, ýazyjy Bugaýew aýdýar.
“Anyk mysal, Gaýgysyz Atabaýew 1922-nji ýylda basmaçylygy döredenem, basmaçylyga meçew berenem biz bolşewikler” diýip, Bütintürküstan 5-nji gurultaýyndaçykyş edýär” diýip, ýazyjy belleýär.
“Mundan öň, kollektiwizasiýa döwründe-de Atabaýewiň eden çykyşlary bar, “ol bizde oň ýaly baýlar ýok, paýlaşaly diýsek,ýer kän, emma suw ýok, orta daýhany baý-kulak edip, baýlary toslap tapmalyň, adamlary sürgün edip, ýurdundan aýyrmalyň” diýip, 1929-30-njy ýyllarda hem bagryny paralan adam” diýip, Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Gaýgysyz Atabaýew ýaly adamlardan tapawutlylykda, ýönekeý, wezipesiz adamlaryň “halk duşmany bolmagy” üçin olary obadaşlarynyň, goňşularynyň ýa başga bir adamyň baryp, “öten agşam şunuň öýüne iki sany atly geldi, olary men daşyndan tanaýan, olar pylan basmaçy toparyna degişli” diýip, ýa-da “pylan baýyň garyndaşy, baýyň guýrugy, sowet hökümetine garşy gürrüň etdi” diýip“satmagy”, ýamanlamagy ýeterlik subutnama bolýardy diýip, ejir çeken adamlaryň garyndaşlary aýdýarlar.
Ozalky SSSR-iň başga respublikalarynda, şol sanda Orsýetde SSSR taryhynyň “ak tegmilleriniň” 1980-nji ýyllardan bäri has dogruçyl öwrenilýändigine garamazdan, bu meselede Türkmenistanda dowam edýän dymyşlygyň sebäbi näme diýilmegi mümkin.
Türkmen taryhçylarynyň we ýazyjylarynyň Mihail Gorbaçýowyň “aç-açanlyk” döwründe SSSR döwründäki türkmen taryhy baradaky hakykaty açmak ugrunda başlan tagallalary, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň güýçlenmegi esasynda togtadyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň başynda häkimiýet başyndan gelenden soň, bu meselede käbir üýtgeşmeler boldy.
Taryhçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, 2009-njy ýylda Türkmenistanda 9-njy klas okuwçylary üçin niýetlenip, “Türkmenistanyň taryhy” atly okuw kitaby çap edildi we onuň 249-251-nji sahypalarynda Çubiniň topary we köpçülikleýin jezalandyryş çäreleri hakynda gysgaça maglumat berildi. Şeýle-de Bugaýew şol döwürde döwlet derejesinde geçirilen ýygnaklarda birki gezek, “türkmen döwletiniň düýbüni tutmakda iş bitiren adamlar hökmünde”, Gaýgysyz Atabaýewiň, Nedirbaý Aýtakowyň atlarynyň hem tutulandygyny, emma soň olaryň ýeneyglan edilmedik gadaganlyga düşendigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, S.Nyýazow döwründe bu syýasatçylaryň stalinçilik paş edilenden soň Aşgabadyň görnükli ýerlerinde dikilen ýadygärlikleri ýykylyp aýryldy we 1937-1938-nji ýyllaryň köpçülikleýin repressiýalarynetijesinde türkmen halkynyň başyna düşen betbagtçylyga syýasy baha bermek, taryhyň “ak tegmillerini” halka elýeterli etmek mümkinçiligi elden giderildi.
Türkmen metbugatyndan tapawutlylykda, rus metbugatynda 1937-38-nji ýyllarda atuw jezasy berlenleriň palta bilen kellesiniň çapylyp, ýüp bilen boglup, lom bilen urlup öldürilen halatlarynyň hem az bolmandygy, aýallaryň atylmazdan öň jynsy zorluga sezewar edilendigi, NKWD-niň türmeleriniň işgärleriniň arasynda bir urguda kim kän adam öldürmeşek ýaryşynyň gurnalandygy habar berilýär.
Russiýanyň “lenta.ru” neşiriniň maglumatyna görä, SSSR-de 1930-1940-njy ýyllar aralygynda syýasy sebäpler esasynda sud edilen we atylan adamlaryň sany 760 müňden gowrak bolup, olaryň680 müňüsi 1937-38-nji ýyllarda atylypdyr. Neşiriň maglumatyna görä, deňeşdirmek üçin alynsa, Rus imperiýasynyň 37 ýylynda (1875-1912) 6 müňden gowrak adam jezalandyrylyp öldürilipdir.
(Makala aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň hyzmatdaşlygynda ýazyldy.)