Türkmenistanda ulag diplomatiýasy boýunça Maksatnama tassyklanyldy

Türkmenistanda ulag diplomatiýasy boýunça Maksatnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine, Daşary işler ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Adalat ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna we Merkezi banka “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Resminamanyň taslamasy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan hödürlenildi.

R.Meredow öz hasabatynyň çäklerinde resminamanyň ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornunyň has-da berkidilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreleri göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Maksatnama ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmegi, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamagy, ulag babatda halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmegi öz içine alýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” (TRACEKA) halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara komissiýasyna goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary ösdürmekde Ählumumy Üstaşyr Resminamanyň köpugurly sanly çözgüdini ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi
Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing