TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.

Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda XXI asyryň üçünji onýyllygynyň sepgidinde dünýä ykdysadyýetiniň ykdysady we ösüş ýagdaýlarynyň dürli sebitleriňdir yklymlaryň döwletlerini baglanyşdyrýan multimodal geçelgeleriň ugrunda ulag işlerini dolandyrmagy amatly ýagdaýa getirmek maksady bilen, bir nusga getirilen Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga aýratyn zerurlygyň dörändigi nygtaldy.

Iň täze tehnologiýalar esasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ulanylmagy arkaly dünýäniň ulag ulgamyna sanly mümkinçiligiň ornaşdyrylmagy gümrük kepilligi we ätiýaçlandyrmasy tertibini ýaýratmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi başlangyç nokatdan bellenen nokada çenli ýoluň tutuş dowamynda harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň barşyny gözden geçirmegi üpjün eder.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
Awazada Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasy badalga aldy
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy
Aşgabatda durnukly ulag boýunça ITTC 2024 halkara maslahatynyň ikinji güni öz işine başlady
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi