Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

17-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Berkarar myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.

Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy
Awazada Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasy badalga aldy
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratynlyklary
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi