
Sosial ulgamlarynda çykyş edýän türkmenistanlylar ýene-de häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolýarlar. TikTok-da çykyş edýänleriň MHM işgärleri tarapyndan soraga çekilmegine degişli ýagdaýlaryň birnäçesi şu hepde Aşgabatda ýüze çykdy.
"Şu gün günortan Aşgabadyň MHM bölümi TikTok platformasynda göni ýaýlymda söhbetdeşlik (batl) geçirýän tiktokerleri soraga çekdi. Käbirleri 15 sutka tussag edildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 9-njy aprelde habar berdi.
Howpsuzlygy sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe çeşmäniň maglumatyna görä, tiktokerleriň sorag edişlige çekilýändigi baradaky habar käbirlerine öýlerine barlyp, beýlekilerine polisiýa bölümleriniň üsti bilen ýetirilipdir.
"Düýn olara MHM öýlän öýlerine baryp, käbirilerine bolsa bölüm polisiýalarynyň üsti bilen 9-njy aprelde 11:00-da öz etraplaryna degişli MHM bölüm edaralaryna barmalydygy dilden duýduryldy" diýip, çeşme aýdýar.
Çeşmeler sorag edilen raýatlara göni efir gepleşiklerinde "edepli bolmagy, paýyş sözleri ulanmazlygy" şeýle-de, "söhbetdeşlik geçirmezligi" tabşyrylandygyny gürrüň berdiler. "Alajy bolsa göni efirde oturmazlygy hem tabşyrdylar" diýip, çeşme sözüniň üstüne ýetirdi.
Türkmenistanda sosial media ulgamlarynyň köpüsi häkimiýetler tarapyndan petiklenýär. Şeýle-de bolsa, ilat arasynda sosial ulgamlaryň meşhurlygy artýar. Raýatlar munuň üçin VPN-den peýdalanýarlar.
Türkmenistandaky çeşmeler TikTok platformasynda çalt köpelýän türkmen auditoriýasyny dürli maglumatlaryň gyzyklandyrýandygyny.
"TikTok-daky meşhur maglumatlaryň arasynda hatda MHM-nyň para alýandygy hakda habarlar bar.Olaryň göni efir wagty paýyş sözlerini ulanan wideolary ýazga geçirip, alypdyrlar. Şol wideolary olaryň garşysyna jenaýat guraly höküminde ulandylar we 6 aýa çenli türme jezasy bilen haýbat atdylar. 1 müň dollara çenli para aldylar" diýip, çeşmeleriň biri sosial ulgamlaryň ulanyjylarynyň soraga çekilmegine degişli ýagdaýlaryň biri barada gürrüň berdi.
Dadyny ýetirmek, prezidente eşitdirmekTürkmenistanlylaryň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi gitdigiçe artýar. IMO, Telegram, Instagram platformalaryndaky habarlar, şahsy bloglar, reklamalar bilen bir hatarda ildeşlerinden we häkimiýetlerden kömek sorýanlar hem bar, şol sanda ýurt ýolbaşçylaryndan kömek sorap wideo arkaly ýüzlenýänler köpelýär.
Prezidente wideo ýüzlenmesini ýerleşdirýänleriň arasynda çagaly eneler we ýaşulular bar. Adamlar ähli mümkinçiliklerini ulanyp, ähli döwlet edaralaryna ýüz tutandygyny gürrüň berýärler we sosial media arkaly prezidente ýüzlenip, öz sesini eşitdirmegini iň soňky çykalga hökmünde häsiýetlendirýärler. Adamlar, özleriniň we çagalarynyň saglygyny, maşgalasynyň hususy emlägini goramak ýaly durmuş meselesinde ýardam soraýarlar.
Ýurt ýolbaşçylarynyň raýatlaryň şeýle çykyşlaryna reaksiýasy nämälim galýar. Bu barada resmilerden teswir we türkmen mediasynda bu barada habar bolmady.
Şeýle-de bolsa, öz problemasy barada açyk çykyş eden raýatlaryň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilmegine degişli ýagdaýlaryň ençemesi barada mundan öň mälim boldy.
IMO üsti bilen kömek soran adamlar geçen ýylyň oktýabr aýynda yzarlanypdy. Maryda polisiýa we MHM işgärleri halkdan kömek sorap, öz agyr durmuşyny gürrüň beren, däri-dermana mätäçlik ýaly problemalaryny paýlaşan adamlary gözläp, soraga çagyrdy.
Şuňa meňzeş basyşlara Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary hem sezewar edilipdi. Geçen ýylyň fewral aýynda näsag çagalarynyň saglyk bejergisine niýetläp, Internet arkaly ildeşlerinden haýyr-sahawat ýardamlaryny soraýan üpjünçiligi pes maşgalalar häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolupdy. Häkimiýetler olary "bagtyýar durmuşyň" keşbine zeper ýetirmekde aýyplapdy.
Türkmenistanda mätäçlik çekýän raýatlaryň ýagdaýynyň häkimiýetleriň üns merkezine düşmegi we oňyn çözülmegi barada resmi habar döwlet mediasynda diňe bir gezek berildi.
Geçen ýylyň 29-njy martynda “Watan” habarlary gepleşiginde 2018-nji ýylda doglan oglunyň dogabitdi ýürek keselinden ejir çekendigi hakynda gürrüň beren bir enäniň çykyşy görkezildi. Ene öz çykyşynda ogly 2021-nji ýylda klinikada bejergi alan wagtynda häzir Halk Maslahatynyň başlygy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň barandygyny we mugt operasiýa kömegini berjekdigi barada aýdandygyny gürrüň beripdi.
Bu, Türkmenistanda soňky 17 ýylyň dowamynda öz problemasy barada aç-açan çykyş eden raýatyň döwlet telewideniýesinde görkezilmegi bilen bagly ilkinji ýagdaý bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.