Türkmenistanda iş orunlaryny köpçülikleýin azaltmak tolkuny başlandy.Garaşsyz habar beriş serişdesi "Turkmen.news"-yň habaryna görä, iş orunlarynyň azaldylmagy häzir Lebap we Mary welaýatlarynyň azyndan iki uly etrabynyň döwlet edaralaryna täsir edipdir.
Bu ýagdaý Mejlisiň ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek boýunça reformany 9-njy noýabrda tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi.Hökümet bu özgertmäniň territorial dolandyryş birlikleriniň gurluşyny gowulandyrmak we döwlet puluny tygşytlamak maksady bilen düşündirdi.
Işgärleriň sanynyň azaldylmagy Lebap welaýatynyň Farab we Mary welaýatynyň Serhetabat etraplaryna täsir etdi diýip, Turkmen.news habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, işsiz galmak töwekgelçiligi ýerli häkimlikleriň, jemagat hyzmatlaryň, bilim bölümleriniň işgärlerine degdi. "Mejlisiň ýygnagyndan soň derrew jemagat hyzmatlarynyň, bilim bölümleriniň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň bölümleriniň we etrap häkimligiň işgärlerine 'zatlaryňyzy ýygnamaly' diýdiler" diýip, neşir öz çeşmesini sitirleýär.
Neşir ýene-de ençeme býujet işgäriniň, şol sanda saglyk we howpsuzlyk işgärleriniň işden çykarylmagyna garaşylýandygyny ýazýar.
"Hususan-da, tassyklanmadyk habarlara görä, Farap we Serhetabat harby komissarlarynyň ofiserleri we raýat işgärleri wezipelerini ýitirerler. Prokuratura, Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebit bölümleri, sud we polisiýa işgärleriniň bir bölegi Çarjew we Tagtabazar etraplaryna işe geçiriler, galanlary işden aýrylar" - diýip neşir ýazýar.
Döwlet metbugaty iş orunlarynyň azaldylmagy barada habar bermedi.
Türkmen häkimiýetleri sebitleriň çäklerini üýtgetmek planlaryny oktýabr aýynda yglan edende, munuň bilen 28 million manat tygşytlajakdygyny aýtdy.Bu pul resmi kurs boýunça 8 million amerikan dollaryna, gara bazaryň bahasy boýunça 1,4 million dollara barabar. Ýurtda agyrlaşýan ykdysady krizisi boýun almaýan Türkmenistanyň ýolbaşçylary bu ýol bilen tygşytlanan serişdeleriň "ýurduň durnukly ösüşi üçin mümkinçilik" boljakdygyny öňe sürdüler. Şol bir wagtyň özünde-de hökümet reformanyň netijesinde iş orunlarynyň azaljagyny agzamady.
Şol bir wagtda Azatlygyň çeşmeleri ýurduň territorial dolandyryş bölünişiginiň üýtgemegi netijesinde 17000 adamyň işsiz galyp biljekdigini habar beripdi.
“Men bu mesele dogrusynda hökümetiň düzüminde häzir işleýän we ozalky ykdysadyýetçileriň ençemesi bilen söhbedteş boldum.Hökümetiň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek boýunça soňky planlarynyň netijesinde býujetden aýlyk alýan 17 müň adamyň işini ýitirmegine garaşylýar.
Olar şeýdip pul tygşytlajak bolýarlar.Emma iş ýüzünde, uzak möhletde Türkmenistanyň azyndan iki milliard manat ýitirmek howpy bar.Bu girdeji däl-de, tersine zyýan” diýip, adynyň agzalmazlygy şertinde Azatlyk bilen 24-nji oktýabrda söhbetdeş bolan öňki türkmen ykdysatçysy aýtdy.
22-nji oktýabrda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Halk Maslakhaty Milli Gengeşiň mejlisinde yglan edilen we 9-njy noýabrda Mejlis tarapyndan tassyklanan sebitleriň çäklerini üýtgetmek planyna laýyklykda, 6 etraby (Gubadag, Gurbansoltan eje, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan etraplaryny), 5 etrap hukukly şäheri (Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç şäherlerini), 1 sany şäherdäki etraby (Türkmenbaşy şäherindäki Kenar etrabyny), 2 şäherçäni (Ak Bugdaý etrabyndaky Bagabat we Hazar şäherindäki Kenar etraplaryny), şeýle-de 36 sany geňeşligi ýok etmek, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1 müň 690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.
“Turkmen.news” şeýle hem işgärleriň sanyny azaltmak we aýlyk haklaryny kemeltmek çäreleriniň administratiw reformanyň täsirine düşmedik döwlet edaralaryna hem degip geçendigini, olaryň arasynda Aşgabadyň baş suw edarasynyň we "Türkmengaz" döwlet konserniniň bardygyny habar berdi.
Türkmenistan işsizlik derejesi barada statistika çap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda iş orunlarynyň yzygiderli azaldylmagy netijesinde on müňlerçe adam işsiz galdy.
Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanda işsizligiň derejesine degişli resmi hasabatyna görä, 60% diýlip anyklanypdyr. Şondan bäri ýene müňlerçe iş orny azaldyldy.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.