Temmäki önümleriniň söwda Kadalaryny tassyklamak hakynda Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykaran 55 belgili buýrugy bilen “Temmäki önümleriniň söwda Kadalary” kabul edildi.
Şu Kadalar temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem satyjy bilen sarp edijiniň arasynda ýüze çykýan özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär we sarp edijileriň hukuklaryny goramaga, ýokary hilli we howpsuz harytlaryň ýerlenilmegine hem-de hyzmat etmegiň medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şu Kadalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
Bu Kadalarda, Temmäki önümleriniň görnüşleri kesgitlenilýär we Temmäki önümleriniň Türkmenistana getirilmegi we olaryň lomaý we bölek söwdasy barada düzgünler bellenilýär.
Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek söwdasy şu aşakdakylaryň bolmagynda amala aşyrylyp bilner:
1) temmäki önümleriniň ýerlenilmegi üçin ygtyýarnama; 2) temmäki önümleriniň laýyklyk sertifikaty ýa-da onuň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy; 3) temmäki önümleriniň bellenilen talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilenmeler; 4) aksiz belgisi (markasy); 5) temmäki önümleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminama; 6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik kassa enjamy ýa-da ýörite kompýuter ulgamlary; 7) temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmediklere satylmagynyň gadagan edilýändigi hakynda temmäki önümleriniň satylýan ýerlerindäki bildirişler.