Türkmenistanda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak işleri güýçlendirilýär

Türkmenistanda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak işleri güýçlendirilýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz känlerinde ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, zerur bolan gaz geçirijileri çekmek, şol sanda “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu barada 29-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, zerur bolan ýörite enjamlary hem-de serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berildi.

Onuň jemleri boýunça has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutany bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gaz eksport etdi
Türkmengaz DK Bagaja käninden tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrar
Türkmengaz döwlet konserni maddy-tehniki enjamlary satyn alar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Bagaja gaz käniniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlar satyn alnar
Naýypda gazy gaýtadan işleýän enjam döwrebaplaşdyrylýar
Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy