“Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş baha beriş guýusyndan, şeýle hem “Türkmegeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň burawlaýjylary “Galkynyş” gaz känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary bu gaz guýunyň burawlaýyş işlerini 1 müň 940 metr çuňluga ýetirdiler.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş baha beriş guýusy her gije-gündizde 226 müň 400 kub metr tebigy gaz berýär.
“Türkmegeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň burawlaýjylary bolsa guýynyň buraw işlerini 4 müň 590 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler.
Hasaplamalara görä, “Galkynyş” gaz känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusy her gije gündizde 1 million 700 müň kub metrden gowrak tebigy gaz berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 312-nji belgili ulanyş guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde “Galkynyş” gaz käniniň geologiki we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy “Sumitomo” kompaniýasynyň oturtma we sorujy — gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.