Türkmenistanda taýýar işewürligi döretmek boýunça hyzmatlar

Türkmenistanda taýýar işewürligi döretmek boýunça hyzmatlar

Soňky ýyllarda taýýar işewürligi satyn almagyň meşhurlygy görnetin ýokarlandy. Bu trend maýa goýujylar we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, töwekgelçilikleri azaltmaga hem-de eýýäm iş ýüzünde girdejileri bolan işewürlige girişmegi çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Maýa goýujylara taýýar işewürligi satyn almaga kömek edýän kompaniýalar işiň ilerledilmegine hem-de telekeçilik ekoulgamynyň ösmegine goşant goşýarlar.Bu hili kompaniýa, ilki bilen, täze taýýar kärhananyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri doly öz üstüne alýar.

Bu bolsa: önümi ýa-da hyzmaty işläp taýýarlamak, müşderileri çekmek, amaly işleri guramak, işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, işewürligiň nusgasynyň işe ukyplylygyny barlamak ýaly tapgyrlary öz içine alýar.

Şeýlelik bilen hem, bu kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak kararyna gelen telekeçi degişli taslama babatdaky öz töwekgelçiligini azaldýar we täze işewürligi ýola goýmak işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Taýýar işewürligiň peýdaly taraplaryna şulardan ybarat: - töwekgelçiligiň peselmegi.Maýa goýujy munda eýýäm dolandyryş amallary sazlaşykly kadalaşdyrylan, döwrebap gurallary hem-de köplenç halatda hünär taýýarlygy bolan işgärleri bolan ulgama eýe bolýar; - işewürlige tiz girişmek. Özbaşdak konsepsiýa işläp düzmek, iş toparyny tapmak we işi kadaly ýola goýmak üçin wagt ýitirmegiň zerurlygy aradan aýrylýar; - çak edilýän girdejiniň bolmagy.

Taýýar işewürligiň maliýe hasabatlary satyn alyja elýeterli bolup, ol deslapdan geljekde gazanyljak girdejileri çaklap biler; - kadalaşdyrylan gatnaşyklar: Taýýar işewürlikde üpjün edijiler we müşderiler bilen eýýäm aragatnaşyk sazlaşykly ýola goýlan bolýar; - aktiwlere elýeterlilik: Alyjy diňe bir kärhananyň özüni däl, eýsem eýýäm taýýar brendi, web saýty, kadaly işleýän hasabat ulgamlaryny, işewürlik amallaryny we taýýarlykly işgärleri hem alýar.

Türkmenistanda telekeçiler üçin döwrebap egin-eşikleriň onlaýn we adaty dükanlaryndan başlap, gozgalmaýan emläkleriň bildiriş saýtlaryna hem-de kosmetika önümleriniň onlaýn dükanlaryna çenli köp sanly taýýar işewürlik görnüşleri bardyr.

Türkmenistandaky taýýar işewürlik taslamalary barada has giňişleýin maglumat almak üçin (+993 65) 81 64 47 telefon belgisi ýa-da r.ikonnikov@arassanusga.com elektron poçta salgysy arkaly Arassa Nusga kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

• ýerleşýän salgysy: 744015, Türkmenistan, Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 24-nji jaý (Arzuw işewürlik merkezi); • web saýty: arassanusga.com

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky IQ007 mekdebi çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmegiň innowasion usullaryny hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Zonguldakda metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy