Dekabr aýynda Türkmenistanda giň gerimli täze ýyl çäreleri, şol sanda Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, baýramçylyk konsertleri we medeni maksatnamalar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde degişli çärelere taýýarlyk görmek barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklarynyň 15-nji dekabrda ýakylmagy bilen esasy dabaralar badalga alar. Aşgabat şäheriniň “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň hem-de Arkadag şäheriniň “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda artistleriň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Sebitlerde baýramçylyk dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda guralar.
Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki baýramçylyk maksatnamasyna girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annämämmedow hem Aşgabat şäherini baýramçylyk öwüşginde bezemek boýunça geçiriljek işler barada hasabat berdi. Medeni merkezlerde we seýilgählerde Täze ýyl arçalaryny oturtmak hem-de şaýollary we beýleki jemgyýetçilik ýerleri bezemek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabaralary ýokary derejede guramagy we ýaşaýjylar we myhmanlar üçin baýramçylyk ruhuny döretmegi tabşyrdy. Hödürlenen teklipler makullanyp, ugurdaş edaralar degişli görkezmeleri aldylar.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
X: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан