Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň kinoçylary tarapyndan Täze ýyl filmi taýýarlanylýar. Bu filmi R.Annagulyýewiň edebi ýazgysy esasynda režissýor Sapardurdy Annaýew surata düşürýär.
Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde berilýän habara görä, filmde Aýazbabanyň keşbini artist Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär, baş keşplerde Orazgeldi Durdyýew (çopan Baýram aga) we Perhat Babaýew (agtygy Parahat) çykyş edýär.
Begenç Garlyýew, Mahym Nuryýewa we Rahymberdi Annagulyýew hem film üçin surata düşýärler.Filmi surata düşürýän topar olaryň täze ýyl sowgady baýram günleri film görkezilende, tomaşaçylary begendirer diýip umyt edýär diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, täze ýylyň öňýany Türkmenfilm kinostudiýasynda Gündogaryň akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze Magtymguly çeper filminiň üstünde-de iş dowam edýär. Režissýor Şyhmämmet Mollaýew G.Kakabaýewiň Magtymguly Pyragy pýesasy esasynda doly çeper filmi surata düşürýär. Täze filmiň ylmy geňeşçileri şahyryň durmuşy we döredijiligi boýunça hünärmenlerdir.