Şu gün — 15-nji dekabrda Türkmenistanyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylmagy, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.
Asylly däbe görä, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde Türkmenistanyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.
Depesinde 2022 ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.
Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi. Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.
Baş arçanyň daş-töweregi ertekiler dünýäsini ýatladýar, ol dürli reňkli çyralar, garyň reňki ýaly ap-ak arçajyklar bilen bezelipdir. Munuň özi täsin gözellik döredýär hem-de görenleri haýran galdyrýar.
Bu ýerde ornaşdyrylan öýjagazlar, ertekileriň gahrymanlarynyň täsin şekilleri, Täze ýylyň nyşany bolan öküziň şekili älemgoşaryň ähli reňkinde öwşün atýar. Ajaýyp sazyň owazy, haýran galdyrýan Täze ýyl bezegleri meýdançada hoşniýetli hem-de nurana baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.
On iki jandaryň lybasyna — gündogar senenamasy boýunça Täze ýylyň nyşanlarynyň keşplerine beslenen şadyýan çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy mähirli garşyladylar.
Aýazbaba we Garpamyk körpe türkmenistanlylaryň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler hem-de berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdiler.