Türkmenistanda täze dokma brendleri döredilýär

Türkmenistanda täze dokma brendleri döredilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dokma kärhanalarynyň önümleriniň brend nyşanlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleriniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Milli Liderimize hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň “Jeýtun”, “Mäne” atly täze haryt nyşanlaryny makullady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyklaryny, önümçilige girizmelidiklerini belledi.

Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli, dürli görnüşli matalar dokalyp, olaryň kuwwatlylygy degişlilikde, 1 million 200 müň sany hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda “Goza”, “Wada”, “Bedew”, “Nusaý”, “Gala”, “Arwana”, “Bürgüt”, “Ýeňiş” we “Ak pamyk” haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky iki dokma toplumy täze markaly önümleri satuwa çykardy
Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
Türkmenistanda Jeýtun, Mäne atly täze haryt nyşanly dokma önümleri öndüriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi