Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze athana Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edildi. Bu desganyň gurluşygy Türkmen atlary döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda Nur bina gurluşyk hususy kärhanasyna ynanyldy.

2.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy Meýilleşdirilen gurluşyklarda ulanylmagy göz öňünde tutulýan serişdeler, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça kesgitlenen hem-de binalaryň bezeg aýratynlyklary baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hasabatda täze şähere müňlerçe raýatlaryň uly höwes bilen göçüp gelýändikleri, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy we doly derejeli dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada habar berildi.

3. Türkmen dizaýneri Selbi Soltanowa Sankt-Peterburgda geçirilen Moda arkalaşygy halkara forumyna gatnaşdy. — Bu taslamanyň ykdysady netijeliligi ýokary, sebäbi meýdança özünde önümçilik kärhanalarynyň wekillerini, degişli ministrlikleri, bölümleri we moda pudagyndaky hünärmenleri birleşdirýär. Täze kolleksiýamyzyň rahatlygy we etniki äheňleri özüne çeker diýip umyt edýäris. Şeýle hem biz gatnaşyjylar bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýip, dizaýner belledi.

4. Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoseýn Ali Mustafa Gannam türkmen halkyna we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Palestinanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu barada Turkmenportalyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde agzap geçdi.

5. 12-nji noýabrda, Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň daýhanlary döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.Olar 16 müň tonnadan gowrak ak altyny Watan harmanyna tabşyrdylar.

Belläp geçsek, şu oba hojalyk ýylynda Balkan welaýatynda 13 müň gektar ýere gowaça ekilip, häzire çenli ýygnalan pagta hasyly 16 müň tonnadan hem geçdi we welaýat boýunça şertnamalaýyn borçnama artygy bilen berjaý edildi.

6. 17-nji noýabrdan 19-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek Eýranyň önümleriniň Iran Project sergisine EYR-dan 100-e golaý kompaniýa gatnaşar. Serginiň açylyş dabarasy 17-nji noýabrda bolar. 18-nji noýabrda Eýranyň kompaniýalary bilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga niýetlenen çäreler, gepleşikler we tejribe alyşmak üçin birnäçe işewürlik çäreleri geçiriler.

Dünýäde

7. Amerikaly astronawtlar Jasmin Mogbeli we Loral O'Hara açyk älem giňişliginde içi gurally torbalaryny ýitirdiler. NASA-nyň astronawtlary MKS Gün batareýalaryna Günüň hereketini yzygiderli yzarlamaga mümkinçilik berýän bölekleri abatlaýyş işlerini geçiripdirler. Abatlaýyş işi wagtynda gurally torba zenanlaryň ellerinden taýyp gaçypdyr. Torba indi Ýeriň daşyndan aýlanýar.

8. Meşhur Titanik gämisiniň ýolagçylarynyň agşamlyk naharynda näme iýendikleri belli boldy. Betbagtçylykdan üç gün öň, 1912-nji ýylyň 11-nji aprelinde hödürlenen tagamlaryň sanawy auksiona çykaryldy we 83 000 funt sterlinge satyldy. Ol tagamnamadan gäminiň ýolagçylaryna ustrisalar, lososlar, hrenli we arassalanan pasternakly gaýmakly sygyr eti, kalmar, şeýle hem desertler, esasanam erik bordalou we Wiktoriýa pudingiň hödürlenendigi görkezilýär.

Sport täzelikleri

9.DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň petekleri satylyp başlandy.Türkmenistanyň milli ýygyndysy 16-njy noýabrda Aşgabat stadionynda Özbegistan bilen güýç synanyşar.

Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar.Petegiň bahasy — 30 manat.Petekleri Aşgabat köpugurly stadionynyň kassalaryndan satyn almak mümkin.Kassalaryň iş wagty sagat 8:00-dan 21:00-a çenli.

10. Mahaçkalanyň Dinamosy futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň 18-nji tapgyrynda öz öýünde SKA-Habarowsk toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Serder Serderewiň goly we Wýaçeslaw Podberezkiniň awtogoly Gurban Berdiýewiň şägirtlerine ýeňiş getirdi. Bu üstünlik Dinamo üçin türkmen tälimçisiniň türgenleşdirmeginde Birinji ligada gazanylan 10-njy ýeňiş boldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Titanigiň ýolagçylaryny halas eden gäminiň kapitanynyň sagady 2 million dollara satyldy
Aşgabatda Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary ýaňlanar
Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar
“Terminatory” dowam etdirmäge hyýallanýar
Saturnyň iň uly hemrasynda buludyň bardygy anyklandy