Türkmenistanda syýahatçylygyň geografiýasy

Türkmenistanda syýahatçylygyň geografiýasy

Biziň gözel ülkämiz dünýäniň syýasy ýagdaý babatda iň asuda, ekologik babatda iň arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan seredilende, iň gadymy taryhyna eýe bolan ýurtlarynyň biridir.Halkara syýahatçylygynda edilýän talaplaryň arasynda, syýahat ediljek ýurtda dünýäniň dürli ülkelerinden gelýän syýahatçylaryň howpsuzlygynyň kepili bolan parahatlygyň we asudalygyň bolmagyny, syýahatçylaryň jan saglygy, sagdynlygy babatdaky howpsuzlygynyň kepili bolan ekologik babatda arassa tebigatynyň, arassa howasynyň, içmäge ýaramly arassa suwunyň, zyýansyz iýmitiň bolmagyny, syýahatçylaryň gyzyklanma döredip biljek täsin taryhy-medeni gymmatlyklarynyň, özboluşly binagärçilik ýadygärlikleriniň bardygyny bellemek bolar.

Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk önümçiliginiň öňe gitmegini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrlan işleriň esasy ugry bolup durýar.

Mähriban Prezidentimiz döwletimizde ähli ugurlar bilen birlikde syýahatçylyk ulgamynyň işini hem döwrebaplaşdyrmaga, kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berýär.Syýahatçylyk babatda kanunçylygy bolsa ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny halkara talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda syýahatçylygy has-da ýokary derejede gurnamaklyga hemme şertler bar, şol sanda jahankeşdeleriň ýylyň ähli paslynda dynç almaklygy üçin uly mümkinçilikler hem bardygyny aýratyn bellemek bolar.

Syýahatçylaryň ünsüni çekip biljek medeni-taryhy, tebigy we binagärçilik ýadygärlikleri hem sanardan köp.Türkmenistanyň çäginde dürli döwürleriň, ýagny parfiýalylaryň, seljuklaryň höküm süren döwrüniň ýadygärlikleri ýerleşýär. Şeýle-de dünýä belli Beýik ýüpek ýoly biziň ülkämiziň üstünden geçipdir.

Hazar deňziniň kenar ýakasynda milli şypahana-syýahatçylyk zolagyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.Soňky wagtda Türkmenistanda ekosyýahatçylyk hem giň gerim bilen ösýär.Ekosyýahatçylyk gymmat bahaly syýahatlara garanyňda, ülkämiziň tebigatyny öwrenmegi höwes edýän öz ýurdumyzyň adamlary üçin amatlydyr.

Türkmenistanda ekosyýahatçylyk esasan Bathyz, Repetek, Amyderýa, Köýtendag, Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalara guralýar.Ekosyýahatçylyk köp ýurtlarda, esasanam Kanadada, ABŞ-da, Günbatar Ýewropada, Ýaponiýada, Afrikada, Malaýziýada we birinji orunda Awstraliýada giňden ösendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge ähli şertler döredilýär, gadymy Nusaýa, Köneürgenje, Köpetdagyň owadan ýerlerine, Garagum çölüne ýörite syýahat ýol ugurlarynyň açylmagy bularyň aýdyň mysalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
16.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK MERkezi
Repetekde goraghana döredilmezden 15 ýyl öň ylmy barlaglar başlanypdy
30.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy
30.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy