Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Awaza şypahanasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.

Döwlet Baştutanymyz durmuş meseleleriniň çözgüdinde ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, keselleriň öňüni almagyň we şolary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, oňyn dünýä tejribeleriniň öwrenilmegine, aýratyn-da, döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň özboluşly howa gurşawy şypahana düzümini ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär.

Dürli tebigy aýratynlyklar Türkmenistanyň halkara derejesindäki şypahana ulgamyna öwrülmegine mümkinçilik döredýär.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Onuň ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, Hazaryň kenarynda ýokary derejeli şypahanalaryň, bejeriş bölümleri bolan myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş merkezleriniň gurluşygy dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamanyň baş maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň özleşdirilmegini üpjün etmekden, şolary adamlaryň hyzmatyna gönükdirmekden ybaratdyr.

Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýurdumyzyň şypahana düzüminiň nobatdakysy bolan Awaza şypahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän bu toplum birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 19 müň inedördül metre golaý meýdany bolan şypahananyň çägine gireniňde, onuň diňe bir şypahana däl-de, eýsem, ähli degişli düzümi bolan giden dynç alyş şäherçesidigine göz ýetirýärsiň.

Toplumyň 9 gatly esasy binasy altyn öwüşginli aýnalary we ajaýyp bezegleri bilen bu ýere gelýänleri ýokary derejeli myhmanhana hyzmaty bilen kabul edýär. Şypahananyň işgärleriniň hemmesiniň lukmançylyk ulgamyna degişli hünärmenleriň lybasynda bolmagy bu ýerde ýokary hünärli işgärleriň adamlaryň saglygy ugrunda degişli işleri alyp barýandygyna güwä geçýär. Şypahanada saglygyňy berkitmek we wagtyňy netijeli geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Özboluşly binagärlik çözgüdi bolan ak mermerli toplumda bir we iki orunlyk otaglar, mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen jaýlar, şeýle hem häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saýlama otaglar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.Binanyň myhmanhana görnüşinde bolmagyna garamazdan, bu ýerde rahatlyk, asudalyk höküm sürýär.

Näsaglar gündelik hojalyk aladalaryndan saplanyp, özünde oňaýly dynç almak mümkinçilikleri döredilen alada bilen gurşalýar.Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň hem-de dürli keselleri anyklamak, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket ediş ugurlarynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar keselleriniň bejergileriniň dürli görnüşleri üçin niýetlenendir. Şypahanada ýüzüş howuzlary bolan gidroterapiýa, SPA, maslahat beriş-anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglar, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, bejeriş owkalamasy, akupunktura otaglary, kliniki barlaghanalar hereket edýär.

Mundan başga-da, bu ýerde otolaringolog, stomatolog lukmanlarynyň ýokary derejeli hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.Bölümleriň dälizlerinde üýşüp duran adamlar ýok.Bu ýerde bejeriş hyzmatlary täzeçil esasda guralyp, adamlara bökdençsiz hyzmat edilýär. Şypahananyň çäginde tebigy çeşmäniň ýanyndaky 600 metr çuňlugy bolan dik guýy bejeriş-mineral suwy bilen yzygiderli üpjün edýär.

Onuň düzüminde ýod, brom, hlor, gidrokarbonat we kalsiý, magniý, natriý bar.Binanyň aşaky gatynda balnoterapiýa we palçyk bilen bejeriş bölümleri ýerleşýär. Şolarda mineral suw bilen bejermek üçin niýetlenen täze görnüşdäki wannalar goýuldy.

Bu ýerde suwasty owkalama we oňurgany suwasty çekmek ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär.Mundan başga-da, bu ýerde el we aýak üçin niýetlenen 4 kameraly wannalar bar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Türkmenistan — melhemler mekany kitabynda mineral suwlaryň, oňaýly howa gurşawynyň, şypahana hyzmatlarynyň adam bedenine edýän oňyn täsiri barada giňişleýin gürrüň berýär.

Mineral wannalar bilen birlikde, ýagtylyk bilen bejergi almak bolýar.Bejerişiň bu görnüşi köpugurly häsiýeti bilen, adamyň ýagdaýyna köptaraply täsir edýär. Şeýle hem bu ýerde dürli görnüşdäki bejeriş häsiýeti bolan duşlar, şol sanda Şarko, suw bejeriş çäreleri, parafin, ozekerit, bejeriş häsiýetli laý we Mollagara kölünden getirilen palçyklar bilen bejergiler alnyp barylýar.

Bu ýerde ýola goýlan bejerişleriň hemmesi peýdalydyr we örän ýakymlydyr. Şolary dürli keselleri bejermekde ulanmak bilen bir hatarda, rahatlandyryjy, adamlaryň ýüz keşbini gowulandyrýan, kosmetologiýa serişdeleri hökmünde kabul etmek bolýar.

Dikeldiş merkeziniň birinji gatynda akwatrenažýor, suwasty ylgaw ýodalary ýaly iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen deňiz we mineral suwlary bolan gidroterapiýa bölümleri hereket edýär.Daýanç-hereket ediş synalarynda keseli bolan, şikes alan ýa-da operasiýa geçiren näsaglar üçin howza girmäge we çykmaga niýetlenen ýörite enjamlar hereket edýär.

Suw bilen bejeriş almagyň köplenç halatda adaty görnüşdäki bejerişden has bähbitli bolýandygyny bellemeli.Bu ýerde bellenilen maşklar näsagyň ýagdaýyna görä kesgitlenilýär we bejeriş bedenterbiýesi boýunça ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde ýerine ýetirilýär.

SPA bölüminde ýörite enjamlaryň kömegi arkaly akwaowkalama, krioterapiýa, baroterapiýa, infragyzyl şöhleler, gury we türk hammamy, bugly hammam, galoterapiýa, aromaterapiýa, bejeriş owkalamasy hem-de Kneýp boýunça suw bejerişi ugurlary bilen adamlaryň synasyna oňyn täsiri bolan döwrebap we netijeli usullar we beýlekiler ulanylýar.

Kriokameranyň kömegi arkaly 60 derejeden 120 derejä çenli sowuk howa arkaly bejermek usuly ýola goýuldy.Munuň özi adam synasynyň ätiýaçdaky mümkinçiliklerini işjeňleşdirýär we içki synalaryň işini artdyrýar.Bu usul diňe bir kesgitlenen kesellerde däl, eýsem, kuwwatlandyryjy we estetiki lukmançylyk serişdesi hökmünde ulanylýar.

Agaçdan taýýarlanylan infragyzyl otagy gyzdyrylan mahaly peýdaly fitonsitleri bölüp çykarýar we adam synasynyň arassalanylmagyny üpjün edýär.Binanyň ikinji gatynda häzirki zaman ylmy esasynda enjamlaşdyrylan maslahat beriş-anyklaýyş bölümi ýerleşýär.

Bu ýerde newrologiýa, ortopediýa, dermatologiýa, kardiologiýa, EKG, rentgen, oftalmologiýa, otolaringologiýa, endokrinologiýa otaglary hereket edýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag işlerini geçirmegiň wajypdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, şypahanada giň ugry bolan degişli enjamlar we beýleki ýörite serişdeler bilen üpjün edilen köpugurly barlaghanalaryň bardygyny bellemeli. Üçünji gatda dikeldiş lukmançylygy hünärmenleri üçin täzeçil tehnologiýalary özünde jemleýän dikeldiş we fizioterapiýa bölümleri ýerleşýär.

Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar näsaglara bejeriş bedenterbiýesi boýunça hyzmatlary hödürleýär.Döwrebap usullaryň giň görnüşi, dikeldiş meselelerine bolan özboluşly çemeleşmeler oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.Binanyň fitnes zaly häzirki zaman trenažýorlary we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde maşklar ýörite maksatnama esasynda işlenilip taýýarlanylýar, näsaglaryň dürli toparlary üçin lukmanlar hem-de usulyýetçi-hünärmenler tarapyndan birnäçe maşklar hödürlenilýär.Awaza şypahanasynyň fizioterapiýa bölümi oňurga, ýürek-damar, dem alyş ýollary kesellerini, insultdan soňky dikeldiş we şikesleri bejermekde aňrybaş netijelere gönükdirilen hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, elektrik togunyň, elektrik, magnit ýa-da elektromagnit ýaly usullaryň ulanylmagy bogunlaryň hereketini işjeňleşdirmäge, agyryny aýyrmaga, öýjüklerdäki metabolik ýagdaýy gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem näsaglary bejermek üçin mehanoterapiýa usuly ulanylýar.

Munuň özi bogunlardaky hereketi ösdürmek üçin ýörite taýýarlanylan enjamlarda fiziki hereketleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.Ol kesel ýa-da şikes zerarly hereketden galan daýanç synalaryny dikeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu ýerde asma görnüşli bejergi bolan sling-terapiýa ulanylýar.

Hususan-da, bejeriş döwründe näsag ýörite lenta arkaly asma bejergini alýar.Munuň özi bogunlaryň çydamlylygyny ýokarlandyrýar, adam synalaryny berkidýär we saglygyňy gowulandyrýar.Umuman, bejergi lukmançylyk görkezijileri bolşy ýaly, türgenler üçin tälim görnüşinde, oturyp işleýän adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylyp bilner.

Bu ýerde dynç alýanlar dümewiň, ORWI, LOR keselleriniň öňüni almak we şolary bejermek boýunça lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Şonuň netijesinde gan aýlanyşy, öýjüklerdäki alyş-çalyş işi gowulanýar we ähli synalaryň hereketi işjeňleşýär.

Mundan başga-da, Awaza şypahanasynda gysylan howa arkaly owkalama, lazeroterapiýa, aromoterapiýa, diwarlarynda we ýerde köp gatly duz örtügi bolan otagda galoterapiýa ýaly görnüşler näsaglaryň hyzmatynda.Bu usul emeli ýagdaýda mikroklimaty döretmäge we ýerasty duzly gowaklaryň şertlerine ýakyn ýagdaýy döretmäge gönükdirilendir.

Umuman, bu ýerde näsaglar üçin aňrybaş amatlylygyň, lukmanlar üçin hem ähli ýagdaýa degişli derejede gözegçilik etmek mümkinçilikleriniň döredilendigini bellemeli.Işleriň köp bölegi awtomatik usulda amala aşyrylýar. Şypahanada näsaglaryň amatly dynç almagy üçin hem oňat şertler göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde kitaphana, internet-zaly, bilýard otagy, açyk howuz, çaýhana, toparlaýyn oýunlar üçin niýetlenen sport meýdançasy we tennis korty bar.Fitobarda bejeriş ähmiýeti bolan içgiler, dermanlyk otlardan taýýarlanylan çaýlar we beýleki serişdeler hödürlenilýär.

Mälim bolşy ýaly, 20-nji iýulda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ylmy işiniň 11-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Kitapda giňişleýin ylmy ugurlar bilen bir hatarda, türkmen topragynyň ajaýyp dermanlyk serişdeleri hakyndaky giňişleýin we peýdaly maglumatlar möhüm orun eýeleýär.Deňiz suwy, ýokary ýod ionlary bolan howa, mineral suwlar we Awazanyň özboluşly ösümlik dünýäsi tebigatyň bejerijilik güýjüni özünde jemleýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda bina edilen şypahanada umumy sagaldyş, bedeniňi berkitmek we durmuşa höwesiňi ýokarlandyrmak üçin zerur ähli mümkinçilikler bar.Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky deňiz şypahana ulgamy çägini giňeldip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde ägirt uly meşhurlyk gazanýar.

Munuň özi mazmuny we gerimi boýunça ägirt uly taslamanyň uly geljeginiň bardygynyň anyk subutnamasydyr.Täzeçil we öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, hyzmatlaryň ýokary derejesi türkmen topragynyň bu künjeginiň halkara syýahatçylyk we şypahana-dynç alyş merkezi hökmünde ykrar edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, Türkmenistanyň köp sanly döwrebap şypahanalarynyň dünýä derejesine eýedigi baradaky makalalar toplumy milli Liderimiziň ýurdumyzda düýpli lukmançylyk ylmy esasynda şypahana we dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini hem-de giň gerimlidigini we öňdengörüjiliklidigini äşgär edýär we sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrýar.

Milli lukmançylygy düýpli ösdürmekde, ony ýokary derejelere çykarmakda Türkmenistanyň Prezidenti, akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan Saglyk Döwlet maksatnamasy möhüm orun eýeleýär.Maksatnamanyň 24 ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylmagy netijesinde netijeli jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy emele geldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.Hususan-da, eneligiň we çagalygyň saglygyny goramak, birnäçe ýokanç keselleri doly ýok etmek işleri üpjün edildi.

Ilatymyz ýerli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan dermanlar we lukmançylyk serişdeleri bilen doly üpjün edildi.Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda sagdyn iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden el çekmek, zähmeti we dynç alşy utgaşdyrmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak ýaly ugurlar berkidilýär.

Bu çäreler adam ömrüniň uzalmagyny, keselçiligiň derejesiniň peselmegini üpjün etdi. Şeýle hem raýatlaryň öz saglygyny goramak babatda sowatlylyk düşünjesi ýokarlandy.Açyk gapylar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň lukmançylyk hem-de ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy we işjeňleşdirilýär.Milli Liderimiz şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Şunlukda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri we hili ýokarlanýar.

Olar iň gowy Ýewropa standartlaryna laýyk getirilýär hem-de olarda öňdebaryjy tehnologiýalar, enjamlar ornaşdyrylýar.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasaty netijesinde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribeleriniň esasynda saglygy goraýşyň milli ugruny kemala getirmekde oňyn netijeler gazandy.

Munuň özi dünýäniň köp ýurtlary üçin nusgalykdyr.

Ýene degişli makalalar

29.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Awaza şypahanasy
30.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar
Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
23.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Baýramaly şypahanasy
26.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: Baýramaly şypahanasy