Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary netijesinde, XXI asyryň ilkinji onýyllyklarynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak agaç ekildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda hem bellenilýär.
Nygtalyşy ýaly, bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edip, sebitde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine goşant goşýar.Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. 5-nji noýabrda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Köpçülikleýin bag ekmek çäreleri jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna ýardam berýär.Netijede, ol adamlaryň ömür dowamlylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.Türkmenistanyň döwlet syýasatynda bu ugra, has takygy, daşky gurşawy, raýatlaryň saglygyny goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, adamlaryň ekologik medeniýetliligini ýokarlandyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.
Tokaý kodeksiniň, Tebigaty goramak hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda, Ösümlik dünýäsi hakynda, Haýwanat dünýäsi hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Şäherlerdäki baglar başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem munuň aýdyň mysallarydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan badalga berlen güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär.