Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda şäherindäki Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň möçberiniň 3,7 esse artandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberiniň 3 esseden gowrak artandygyny mälim etdi. Şeýle hem mejlisde bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 8,5 esse ýokarlanyp, 140 million manada barabar bolandygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sanynyň hasaba alynandygyny belledi we 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaşlary goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini nygtady.
“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy.
Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.