Türkmenistanda söýgüliler gününi bellemek däbi berk ornaşdy we soňky ýyllarda hasam ýaýbaňlandy. Emma bu ýyl bu halkara baýramçylyk senesini bellemek mümkinçiligi ozalkylaryndan has çäkli görünýär.
14-nji fewral söýgüliler güni tutuş dünýäde bolşy ýaly Türkmenistanyň şäherlerinde hem güni gyzyl ýürekler we gül desseleri köçelerde we dükanlarda göze ilýär. Şeýle sowgatlara alyjylar tarapyndan talap artýar.
"Türkmenbaşynyň we Awazanyň söwda merkezleri her dürli güller, ýumşak oýunjaklar, ýürek şekilli otkrytkalar ýaly dürli sowgatlardan doly" diýip, ýerli habarçymyz 14-nji fewralda gürrüň berdi.
Türkmenistanlylar ýurtda ornaşan bu günbatar baýramçylygy ençeme ýyl bäri uly höwes bilen belleýärler. Bir-birine sowgat berýänler diňe bir ýaşlar we ýetginjekler bolman, gül we sowgat satyn alýanlaryň arasynda orta ýaşly adamlar hem köp duş gelýär.
Emma söýgüliler gününi öz islegine bellemek üçin mümkinçilik şu ýyl köp däl. Balkan welaýatynda agşamlaryna köçä çykmak gadagançylygy saklanýar.
"Baýramçylyk bolsa-da, şu ýyl deňiz ýaka şäherleriň ilaty agşamlaryna komendant sagadyna meňzeş bir çäklendirmäniň astynda galýar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Balkan welaýatynyň, şol sanda Türkmenbaşynyň polisiýasy şäher ilatyndan agşam sagat 21:00-dan soň köçä çykmazlygy talap edýär. Agşam köçä çykanlar saklanýar we olaryň dokumentleri barlanýar.
Ýerli ýaşaýjylar şu ýyl baýramçylygyň ozalkylaryndan örän öçügsi geçýändigini adýarlar.
"Söýgüliler güni geçen ýyl ýarygije 14-nji fewrala geçen badyna şäherde ýürek şekildäki ot ýakylyp, ulaglardan köçeler doludy.Bu ýyl bolsa, şäherde hamana suw sepilen ýaly dymyşlyk, artykmaç hereket ýok.
Söýgüliler bir-birini Imo-da ýa-da sms arkaly gutlaýmasa.Olam kadaly işlese ne ýagşy, bolmasa gadymy döwürdäki ýaly tanyş üsti ýa-da poçta arkaly hat ugradaýmasak" diýip, Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Gijelerine köçelere çykmazlyk talaby fewralyň başyndan bäri saklanýar we ähli raýatlara degişli bolýar. Döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlara talaby bozan halatynda işden kowulmak haýbaty atylýar.
Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Awazada meşhur gijeki klublaryň işine hem çäklendirme girizilip, olara 21:00-den soň işlemezlik tabşyryldy.
Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenbaşyly polisiýa işgärleri çäklendirmeleriň bir sebäbi şäherdäki tertip-düzgüni berk saklamak talabyna we soňky wagtda ýurtda ýaşlaryň ahlak terbiýesine degişli çäreleriň güýçlendirilmegine degişli diýýärler.
Katolik hristianlaryň baýramy, Keramatly Walentin güni Türkmenistanda halk tarapyndan bellenýän baýramçylyga öwrüldi. Okuw jaýlarynda okuwçylar birek-biregini gutlaýarlar, otkrytka we sowgat gowşurýarlar. Ozalky ýyllarda bezelen restoranlarda we kafelerde agşamlaryna toý şagalaňlar geçirildi.
Emma ýurtda il içinde halanýan baýramçylyklary çäklendirmek tendensiýasy göze ilýär.
Şu ýyl türkmen häkimiýetleri ilatyň täze ýyly bellemek mümkinçiliklerine dürli çäklendirmeleri girizdi. Edara-kärhanalaryň işgärlerine Täze ýyl agşamyny kafe-restoranlarda bellemezlik we öýlerinde şowhunly oturyşlyk guramazlyk hem gatnaşmazlyk talap edildi. Käbir şäherlerde ýaşaýjylaryň agşam daşary çykmak gadagan edildi.
Hatda mekdeplerde okywçylar we çagalar baglarynda körpeler üçin täze ýyl baýramçylyklaryny üýşüp geçirmek gadagan edildi we dilden edilen bu tabşyrygy berjaý etmedikler yzarlandy.
Türkmen resmileri ýurt ilatyna baýramçylygy öz islegine görä geçirmegiň gadagan edilmegi we munuň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş bermediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.