19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl doldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli Aşgabat aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.
Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň, Hökümetiň we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar bar. Ýurduň sungat ussatlary bu möhüm waka üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, myhmanlara şowhunly konsert maksatnamasyny hödürlediler.
Konsert Arkadagly Serdar, biz Siziň bilen! atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň häzirki okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Arçabil deprekçiler toparynyň çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Şeýle hem sahnada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy.
Hususan-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary we hor topary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!atly aýdym, ussat aýdymçylar tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Alkyş Size, Arkadag!, Ak şäheriň gutly bolsun, Arkadag!
aýdymlary ýerine ýetirildi.
Arkadag atly aýdymda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdaryň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik özgertmeler wasp edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, Serpaý folklor toparynyň we Näzli, Galkynyş, Aşgabat, Meňli tans toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlaryň döwrebaplyk bilen utgaşýan özboluşlylygy, geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy şöhlelendirildi.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan Arkadagly Gahryman Serdar bilen! atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.