Türkmenistanda sekuntda 2,13 kubmetr kuwwatlykly suw sorujy stansiýa gurlar, Daşary ykdysady iş banky MasterCard ulgamyny synagdan geçirer, Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy

Türkmenistanda sekuntda 2,13 kubmetr kuwwatlykly suw sorujy stansiýa gurlar, Daşary ykdysady iş banky MasterCard ulgamyny synagdan geçirer, Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy

1. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi sekuntda 2,13 kubmetr kuwwatlykly Ýaşyldepe suw sorujy stansiýasynyň, suw geçirijide hem-de elektrik hereketlendirijilerinde gurnamak üçin suw sorujylarynyň we basyşly turba geçirijileriniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

2. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bank kart ulgamynda MasterCard halkara töleg ulgamynyň galtaşykly (EMV) we galtaşyksyz hyzmatlaryny synag etmek hem-de sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmegi meýilleşdirýär.

3. 2022-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Özbegistan Türkmenistana 471 tonna şetdaly eksport etdi. Şetdaly we nektarin Özbegistanyň miweler boýunça eksport ugrunyň wajyp çeşmesidir.

4. Türkmenistanda Ferula 2022 atly III Halkara fotosurat bäsleşiginiň başlanandygy mälim edildi. Bäsleşik Halakra fotosurat sungaty federasiýasynyň howandarlygynda geçiriler. işler dört ugur boýunça kabul edilýär Erkin reňkli fotosurat; Erkin gara-ak fotosurat; Durmuş toýy we Fotožurnalistika.

5.Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna awtoulag serişdelerinde howpsuzlyk kemerini ulanmagyň düzgünleri düşündirildi.Türkmenistanyň Ýol hereketiniň düzgünleriniň kanunçylygyna laýyklykda, ulag serişdesiniň sürüjisi ulagda hereket edýän wagty kemerini dakynmaga we howpsuzlyk kemerini dakynmadyk ýolagçylary daşamazlyga borçludyr.

Bu düzgün yzky orunlarda oturanlara hem degişlidir.Kanun awtomobiliň içindäki adamlaryň jany üçin ähli jogapkärçiligi hut sürüjä ýükleýär.Düzgün bozulan ýagdaýynda sürüjä administratiw jerime garaşýar. Ýol-ulag heläkçiligi netijesinde kemer dakynmadyk ýolagçy aradan çyksa, jenaýat jogapkärçiligi gozgalyp bilner.

6.Türkmenabatda Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy diýip, TDH habar berýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Festiwala gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetçiler geldiler.

7. Dubaýdaky Geljegiň muzeýinde täze işgär Ameka atly robot-gumanoid peýda boldy. ol dünýäde bar bolan ähli robotlaryň arasynda adama iň meňzeşi hasaplanýar. Robotyň ýüzi adamyňkydan asla tapawutlandyryp bolmaýan örän giň emosiýalar toplumyna eýedir. Ameka şatlygy, gussany, geň galmagy ýa-da birahat bolmagy şekillendirip bilýär, ellerini işjeň hereketlendirmegi we töweregindäki zatlary tanamagy başarýar.

8. Taryhda ilkinji gezek kosmiki enjam iri asman jisiminiň hereket ugruny üýtgetmegi başardy. NASA tarapyndan uçurylan DART kosmiki enjamy Dimorfon asteroidiniň hemrasy bilen kakyşdy we ony ilkibaşdaky orbitasyndan çykardy. Bu wezipe Ýeri kosmosdaky iri kosmiki jisimler tarapyndan gelýän howpdan goramak strategiýasyny synagdan geçirmek maksady bilen meýilleşdirildi.

9.Türkmenistanly Gülnabat Kadyrowa Bahreýnde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 71 kilogramma çenli agram derejede kümüş medala mynasyp boldy.Kadyrowa 219 kg (birbada götermekde 102 kg + silterläp götermekde 117 kg) netije bilen ikinji orny eýeledi.

HHR-den Ýan Sýusýa (228 kg; 106 + 122) ýeňiji bolmagy başardy.Bu Türkmenistanyň ýygynydysynyň Bahreýnde geçirilýän Aziýa çempionatyndaky ikinji medalydyr.Mundan öň Ýulduz Jumabaýewa 49 kilogramma çenli agram derejede bürünç medala mynasyp bolupdy.

10. Çempionlar ligasynda toparlaýyn tapgyryň dördünji tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi.A, B, C we D toparlarynyň dörtlükleri özara duşuşdylar.Italiýanyň Napolisi Niderlandlaryň Aýaksyndan üstün çykdy, Liwerpul Şotlandiýanyň Reýnjersiniň derwezesine 7 gol geçirdi.

Madridiň Atletikosy Belgiýanyň Brýuggesinden üstün çykmagy başarmady we oňa taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykmaga mümkinçilik berdi.Barselona Inter bilen duşuşygynyň iň soňky minutlarynda ýeňilmekden halas boldy, emma indi Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmazlyk töwekgelçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Gazagystan we Türkmenistan göni howa gatnawyny dikeltmegiň üstünde işlärler, Mirziýoýew Aşgabada geler, Maryda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi
Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy