Türkmenistanda sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezi dörediler

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde we 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezi dörediler diýip, TDH habar berýär.

Täze Okuw-tejribe merkezinde Elektron resminama dolanyşygy, Bir penjire ulgamy arkaly ilata hyzmat ediş, Maglumatlary seljeriş, Pudaklaýyn elektron dolandyryş, Sanly oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulýar. Sanly ulgamyň birinji tapgyryny Ahal welaýatynyň çäginde peýdalanmak, soňra tutuş ýurdumyz boýunça ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Çary Gylyjow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa täze bilim edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň hasabyna alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada hasabat berdi.

Konsepsiýa prezident tarapyndan 2018-nji ýylyň güýzünde tassyklandy. Ony üç tapgyrda 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji 2020-2023 ýyllarda we 3-nji 2024-2025 ýyllarda durmuşa geçirmek planlaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

29.03.2019 | Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmentel — 2024 halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen ýaşlary iki aýda halkara sport ýaryşlarynda 37, bilim bäsleşiklerinde 30 medal gazandylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi