10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu gün mynasybetli ýollan gutlagynda ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça gowy netijeleriň gazanylandygy”, şeýle-de bu sebäpli ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy we adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artdandygy öňe sürülýär. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli lukmanlar soňky ýyllarda saglyk işgärleriniň zähmet haklarynyň yzygiderli kemeldilýändigini, işgär sanynyň azaldylýandygyny, welaýat merkezlerinden galan sebitleriň hassahanalarynyň ýagdaýynyň pajygalydygyny, şeýle-de däri-derman ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny aýdýarlar.
“Prezidentiň giňden bellenilýär’ diýen öňe sürmesine garamazdan, bu gün lukmanlaryň şanyna ýa-da olaryň işiniň hormatyna kagyz ýüzündäki beýanatlardan başga hiç hili çäre ýok. Köp medisina işgäri bu günüň baýramçylykdygyny hem bilmeýär” diýip, lebaply lukmanlaryň biri 10-njy oktýabrda irden gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini äşgär edip biljek maglumatlaryň aýan edilmezligini soran ýerli lukman prezident Berdimuhamedowyň, hususan-da, ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda “täze ösüşleriň üpjün edilýändigi” baradaky öňe sürmesiniň, köp lukman tarapyndan nägilelik we kinaýa bilen garşylanandygyny belledi.
“Lukmanlara keselhanalarda geýmeli ýörite eşikleri, halatlary, hatda aýagyndaky şypbyklary hem öz hasaplaryna satyn aldyrdýarlar. Üstesine-de, ýolbaşçylar bulary, bazardakydan has gymmada satýan, ýörite bir firmadan satyn aldyrdýarlar. Lukmanlar zerur egin-eşikleri üçin her alty aýdan öz jübülerinden 1 müňe golaý manat çykarýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Azatlyk ýurtda koronawirus pandemiýasynyň hasam möwjän döwri lukmanlaryň ilkinjileriň hatarynda bu ölüm howply ýokanç bilen göreşendiklerini, şol bir wagtda olaryň gorag lybaslaryny, şol sanda ýüz örtüklerine çenli öz hasaplaryna satyn almaly bolandyklaryny, munuň netijesinde hem köp lukmanyň wirusa ýolugandygyny, käbirleriniň hatda heläk bolandygyny hem habar beripdi.
Prezident Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda çap bolan gutlagynda türkmen lukmanlarynyň pandemiýa wagty görkezen edermenlikleri, raýatlaryň ömrüni halas etmek boýunça geçiren işleri barada ýekeje-de söz aýdylmaýar, öz wezipe borçlaryny berjaý edip, heläk bolan lukmanlar hem agzalmaýar, munuň dereginde ýurtda “ýokanç keseller boýunça durnukly epidemiologik ýagdaýyň saklanýandygy” bellenilýär.
Koronawirusyň dünýä ýaýrap başlamagynyň öňýany, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Saglyk howpsuzlygy boýunça Jons Hopkins merkezi bilen Ýadro wehimleri inisiatiwasy “The Economist Maglumat bölümi" (The Economist Intelligence Unit) bilen bilelikde dünýäde ilkinji gezek dünýä ýurtlarynyň saglyk howpsuzlygy, olaryň epidemiýalara, ýokanç kesellere garşy taýýarlygy barada hasabat çap edipdi. Şol hasabatda Türkmenistanyň ýokanç kesellere we giň ýaýran epidemiýalara garşy göreş mümkinçilikleriniň çäklidigi aýdyldy hem-de Türkmenistan bu ugurda 195 ýurduň arasynda 135-nji orunda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň hökümeti 2020-nji ýylyň martynda başlanan pandemiýadan bäri ýurduň çäginde ýekeje-de covid ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny öňe sürse-de, ýurduň içinden syzyp çykan maglumatlarda bu ýokanja ýoluganlaryň we ondan heläk bolanlaryň has köpdügi nygtaldy.
Bu aralykda, ýerli lukman ýurduň saglyk pudagynyň häzir ýüzbe-ýüz bolup duran esasy meseleleriniň biriniň hem kadr ýetmezçiligidigini aýtdy.
“Lukmanlaryň aýlyklary peseldilýär, goşmaça tölegleri ýatyrylýar, şeýle-de ýolbaşçylar islendik bahana bilen, şol sanda mejbury jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaýandygy sebäpli saglyk işgärini aňsatlyk bilen wezipesinden boşadyp bilýärler. Netijede, tejribeli lukmanlar hem saglyk pudagyndan çykyp, başga iş bilen meşgullananyny gowy görýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Ol häzir Lebabyň Hojambaz, Halaç etraplaryndaky hassahanalarda diňe orta medisina hünärli lukmanlaryň zähmet çekýändigini, Tiz Kömek gulluklarynda hem aglaba felşerleriň gatnaýandygyny gürrüň berdi. Ol bilimli we tejribeli lukmanlaryň ýetmezçiligi näsaglara berilýän medisina hemaýatynyň hiline hem ýaramaz täsir ýetirendigini belledi.
Mundan başga-da, 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz ýurtdaky köp saglyk merkezlerinde eýýäm 30 ýyldan hem aşa wagt bäri düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini, özüniň işleýän keselhanasynyň binasynyň 1955-nji ýylda ulanylmaga berlendigini, ondan bäri onuň sandan çykyp, pollaryny we diwarlaryny dagy heň basandygyny sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosy sebitleriň keselhanalarda köplenç diňe barlag gelen mahaly ýüzleý abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi, kä halatlarda bolsa bejergi alyp ýatan syrkawlaryň gabat-garşysynda otag diwarlarynyň reňklenýändigi barada habar beripdi.
Galyberse-de, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly ýurtda saglyk pudagynyň öz isleglerini kanagatlandyrmaýandygyny, mümkinçiligi bolan raýatlaryň öz saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Türkiýe we Russiýa ýaly daşary ýurtlara gitmäge ürç edýändiklerini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.