18-nji maýda Britaniýanyň DIM-gi öz raýatlaryna Türkmenistana gitmek we ol ýerde galmak barada rekomendasiýalaryny ýaýratdy.
Resminamada aýdylmagyna görä, häzir türkmen raýatlaryndan, ýurtda akkreditasiýa edilen diplomatlardan, hemişelik ýazga alynan çet ýurtlylardan, halkara şirketleriň we guramalaryň birnäçe işgärlerinden beýlekilere Türkmenistana girmek gadagan.
Haýsyda bir teste garamazdan, çet ýurtdan Türkmenistana girýänler degişli lagerde 21 günläp hökmany karantinde galmaly.
Covid-19 waksinasyny alandygy barada resminamasy bolanlaryň lukmanyň gözegçiliginde gelen ýerinde karantinde galmak mümkin.
Türkmenistana göni howa uçarlarynyň ýokdugy üçin diňe çarter uçarlary bilen ýurda girmek mümkin.
Ýurda girişde koronawirus boýunça negatiw testiň barada resminama görkezmeli.
Türkmen hökümetiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda 6 aýdan gowrak wagtlap galmak isleýän Britan raýatlarynyň ýurdyň saglygy saklaýyş döwlet sistemasy arkaly waksina alyp bilerler.
Ýurtda saglyk pudagynyň derejesi pes diýlip baha berilýär.
Aşgabatda diagnostika merkezleri bar. Emma, lukmanlaryň derejesiniň pesdigi we zerur däri-dermanlaryň, enjamlaryň ýokdugy üçin iň ýönekeý keselleriň bejergisinden we adaty ýagdaýlardan beýleki bejerişden boýun gaçyrmaly.
Gyzzyrma we gepatit A Türkmenistanda endemik keseller.
Saglygy saklaýyş bilen birlikde walýuta çalyşmakda hem kynçylyklar ýüze çykmagy ähtimal.
Adatdakylar ýaly Türkmenistanda nagt pul ulanmak giň ýaýran.
Ýanyňda nagt pul bolmagy we milli manatda töleg etmek maslahat berilýär.
Emma, käbir iri myhmanhanalar amerikan dollaryny hem kabul edýärler.
Aşgabatda çäkli halkara bankomatlar bar we her sapar pul çekeniňde 3 göterim salgyt alynýar.
Visa we Mastercard häzir ýurtda kabul edilýän ýeke-täk kartlar.
Ýöne, bulary çäkli iri myhmanhanalarda we dükanlarda ulanmak mümkin.
Käte bankomatlarda manat gutarýar we entek banklarda erkin ätiýaçlar bolýança olar puldan doldurylmaýar.
Manady gaýtadan walýuta konwertasiýa edip bolmaýandygy üçin Britaniýanyň DIM-gi raýatlaryna zerur möçberde pul çalyşmagy maslahat berýär.The post Türkmenistanda saglygy saklaýyşyň derejesiniň pesdigi we walýuta çalyşmagyň kynçylyklary barada Beýik Britaniýanyň DIM-gi öz raýatlaryna duýdurdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.