Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)

“Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde, bazarlarda, ýa-da köpçülik transport serişdelerinde esasan türkmen dilinde gepleşilýär.Rus dili, köne döwür bilen deňeşdirilende, häzir halk arasynda kän bir ulanylmaýar.Merkezi şäherlerde ýerleşýän hususy firmalara, kärhanalaryň baş edaralaryna köplenç iňlis we rus dillerinde gürläp bilýän işgärler işe kabul edilýär.

Beýleki şäherler bilen deňeşdirilende, esasan paýtagt Aşgabatda rus dili has ýörgünli” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýyna ser aýlamagy dowam etdirýär. Gepleşigiň birinji bölümini heniz diňlemedik bolsaňyz, ony Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda diňläp bilersiňiz.

Geçen gepleşik esasan Türkmenistanyň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etmeginden soňra, hususan-da “On ýyl abadançylyk” geçiş syýasaty döwürlerinde Türkmenistanda rus diliniň hem-de etniki ruslaryň ýagdaýyna nazar aýlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda ýurtda rus dili bilen bagly dowam edýän meýilleri öwrendiler.

“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde rus dili heniz hem giňden ulanylýar, ylaýta-da, deňiz kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde rus dilli adamlara has köp duş gelse bolýar. Meselem, käbir köp gatly jaýlarda etniki ruslar, ermeniler ýa-da azeriler köplük bolup ýaşaýar. Dürli etniki milletleriň wekilleri öz aralarynda rus dilinde gürleşýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Günbatar sebitiň iri şäherlerindäki myhmanhanalarda, howa we otly menzillerinde, awtobuslarda, umuman köpçülik ýerlerinde rus dilinden peýdalanýan ýerli ýaşaýjylara has köp duş gelmek bolýar.

Şeýle-de, bu şäherlerde köpçülik ýerlerinde asylýan hususy taraplaryň mahabatlary ýa-da ýerli ýaşaýjylaryň özbaşdak bildirişleri köplenç rus dilinde ýazylýar. Ýöne döwlet eýeçiligindäki bilbordlarda we afişalarda döwlet dilinden peýdalanylýar.

“Türkmenbaşynyň Kenar bazarynda diňe rus dili ulanylýar” diýip, biz geçen gepleşikde bir balkanly ýaşaýjynyň sözlerini getirdik.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy ýurduň beýleki sebitlerinde rus dili bilen bagly dowam edýän meýiller barada habar berýär.

“Ilat arasynda has köp türkmen dilinde gepleşilýär. Muňa ene diliniň tebigy taýdan has aňsat öwrenilmegi sebäp bolup biler. Oba ýerlerinde rus dilinde gürleşýän, ýa-da rus dilini goşýan adamlar halanmaýar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne türkmen diline rus dilinden geçen alynma sözler halk dilinde heniz hem öz barlygyny dowam etdirýärler.

“Meselem, ilat arasynda pol, potolok, holodilnik, okno ýaly rus sözleri gepleşik diline ýygy-ýygydan garylýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Türkmenleriň ýaşaýyş giňişligi pol’, potolok’, ýa-da holodilnik’ ýaly zatlar, öý goşlary bilen rus agalygy döwründe tanyşansoň, megerem, türkmen dilinde bu sözleriň ornuny tutup biljek ýerli aňlatmalar ýok bolup biler. Edil şolar ýaly, türkmenleriň milli aýratynlyklaryna, meselem ýaşaýyş medeniýetine, aýdaly, gara öýüne degişli predmetleriň hem rus dilinde göwnejaý ekiwalenti ýok bolup biler.

Ýöne türkmen dilinde okno’ sözüniň ornuny tutup biljek azyndan iki söz bar äpişge’ we penjire’. Ýogsa-da, pol’ sözi türkmen diliniň düşündirişli sözlügine-de girizildi. Bu söze türkmen dilinde düşeklik’ diýlip, düşündiriş berilýär.

Ýöne ýerli habarçylaryň seljeren täze dil meýillerine görä, täze nesil rus dili bilen deňeşdirilende, türk dilini has köp gepleşik diline garyp başlady.

“Türk dili türkmenlere has ýakyn bolansoň, ýaşlar türk sözlerini gepleşige goşýarlar” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Lebap welaýatyndaky habarçymyz sebit merkezinde rus dilinden peýdalanylýandygyny, ýöne Sowet döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenabatda rus diliniň geriminiň daralandygyny aýdýar.

“Sowetler döwründe rus diasporasynyň köp bölegi Çärjewde (häzirki Türkmenabat) ýaşaýardy. Çärjew şäherinde rus maşgalalar köpdi. Ýöne olar soňky ýyllarda hemişelik göçüp gitdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Ol Sowet ýyllarynda köçelere dakylan atlaryň garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen atlaryna öwrülendigini gürrüň berýär.

Türkmenabatda Sowet ýyllarynda Aleksandr Puşkin atlandyrylan köçäniň ady häzir Garaşsyz diýar köçesi diýlip üýtgedilipdir, Lew Tolstoý köçesine Ak depe ady dakylypdyr.

Ýöne gündogar welaýatyň Halaç, Hojambaz ýaly etraplarynda, şeýle-de çet sebitlerde rus dilinde gürleşilmeýär.

“Türkmenabatda Detskiý mir’ diýip, bir dükan bardy, häzir şonuň adyny Çagalar dünýäsi’ diýip üýtgetdiler. Optika’ atlandyrylýan bir saglyk nokady bardy, oňa häzir Lukmançylyk äýnekleri satylýan dükan’ diýilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Umuman aýdylanda, rus dili assa-ýuwaş Lebapdan arany açýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýöne ýerli bir habarçymyz bu sebitde bir ýagdaýa ünsi çekýär:

“Rus dilinde gürleseň, hiç kim saňa garşylyk bildirmeýär. Adaty raýatlar ýa-da hukuk goraýjy işgärler rus dilinde gürleýän adamlara rus dilinde gürleme’ diýmeýär. Rus dilinde gepleşip bilmeýän adamlar hem, rus diline doly düşünýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.

Şol bir wagtda, türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda gepleşige rus dilini garmazlyk, arassa türkmen dilinde gürlemek çagyryşlary hem dowam edýär.

Ýerli synçy Türkmenabat şäherinde jemgyýetçilik ýerlerinde we edara-kärhanalarda gepleşik dili hökmünde rus dilinden giňden peýdalanylýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň mekdeplerinde rus dili sapaklary okadylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda “üç dil syýasaty” ýöredilýär we okuwçy ýaşlara türkmen dili bilen bir hatarda rus we iňlis dilleri hem öwredilýär.

Balkan welaýatynda habarçymyz Türkmenbaşy şäherindäki orta mekdeplerde milleti türkmen bolan mugallymlar bilen bir hatarda etniki taýdan gelip çykyşy başga milletlerden bolan mugallymlaryň, şol sanda etniki azerileriň we ermenileriň hem rus dili sapaklaryny okadýandyklaryny habar berýär.

Ýöne habarçymyz mekdeplerdäki rus dili okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň ýetmezçilik edýändigini, hepdelik rus dili sapaklarynyň alty sagatdan iki sagada düşürilendigini habar berýär.

“Diňe 5-nji synplara hepdede üç sagat rus dili sapagy okadylýar. Olarda-da esasan Arkadagy öwýän temalarda goşgular we beýleki malgumatlar öwredilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Beýleki bir habarçymyz oba mekdeplerinde köplenç milleti türkmen bolan mugallymlaryň rus dili sapaklaryny okadýandyklaryny habar berýär.

“Ruslaryň köpüsi göçüp gitdiler. Welaýatlarda etniki rus köp däl” diýip, habarçymyz aýdýar.

Ýöne ýerli synçylar umumybilim berýän orta mekdeplerde diňe rus dili sapaklarynyň däl, eýsem, umuman, ähli sapaklaryň hiliniň pesdigini aýdýarlar.

Ýokary okuw jaýlarynda talyplar türkmen dilinde bilim alyp, özara gürrüňdeşliklerde rus dilinden peýdalanmagy dowam etdirýärler diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukrainanyň üstüne çozmagy bilen, post-sowet giňişlikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynda rus dili bilen bagly dürli çekişmeler peýda boldy. Ýöne şeýle çekişmeler türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda, ýa-da türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda giň gerime eýe bolmady.

Bu döwürde Gazagystanda ýa-da Gyrgyzystanda rus diliniň ähmiýeti has köp sorag astyna alyndy, sosial media arkaly dürli pikirler öňe sürüldi.

Türkmenistanda rus diliniň ýa-da rus täsiriniň töwereginde hiç hili çekişme ýa-da giň gerimli pikir alyşma göze ilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynda işleýän resmileriň, hem-de ähli ministrliklerdäki iş dolandyryjylaryň ýa-da resminamalary işläp düzýän adamlaryň ruslardan ýa-da rus dilli türkmenlerden düzülendigini habar berýär.

“Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň esasy iş dolandyryjylary we resminamalary taýýarlaýan hünärmenleri esasan rus dilli adamlardan düzülýär. Olar hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparlaryna iberilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerini sitirleýär.

“Köpçülikleýin transport serişdelerinde, bazarlarda ýa-da döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelerde we dabaralarda rus dilinde gürleşilmeýär. Sebäbi, rus dilinde gürleýän emeldarlar awtobuslardan peýdalanmaýar, olar hususy ulaglardan ýa-da döwlet tarapyndan berkidilen awtomobil ulaglaryndan peýdalanýarlar. Ýöne şolar döwlet guramaçylygynda geçirilýän mejbury çärelere kimleriň gatnaşmalydygyny kesgitleýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda döwlet syýasatynyň propagandasy halk dilinden üzňe dilde, arassa türkmen dilinde amal edilýär.

“Propaganda maşynynyň asyl maksady ilatyň aglaba böleginiň türkmen dilini köçe gürrüňi derejesinde gürläp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.Olara türkmen diliniň ýazuw düzgüni hem wajyp däl, çünki olar ýönekeý halkyň ne türkmen dilinde dürs gepläp, ýazyp bilmegini isleýär, ne-de olaryň daşary ýurt dillerini öwrenip özleriniň arz-şikaýatlaryny daşary ýurtlara eşitdirip bilmeklerini isleýärler” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ýokary wezipeli emeldarlaryň öz çagalaryny Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebine ýa-da 15-nji we 16-njy orta mekdeplere ýazdyrýandyklaryny, bu mekdeplerde rus dilinde sapak geçilýändigini aýdýarlar.

Ýaş nesiller köplenç Russiýadaky ýa-da beýleki GDA ýurtlaryndaky ýokary okuw mümkinçilikleri ýa-da iş perspektiwalary sebäpli, rus dilini öwrenmäge höweslendirilýärler.

Şol bir wagtda, rus mediasy Türkmenistanda özüniň täsir güýjüni, ýumşak güýjüni saklap galýar. Ýurtdaky dil meýillerini öwrenen habarçylarymyzyň tas ählisi bir agyzdan bir maglumaty tassyk edýärler, ýagny ilatyň agramly bölegi rus kanallaryna tomaşa edýär.

“Türkmenabatda ilatyň juda agramly bölegi rus kanallaryna tomaşa edýär” diýip, lebaply habarçymyz aýdýar.

“TW kanallarynyň meşhurlygy boýunça rus mediasy birinji orunda, türk mediasy ikinji orunda, gazak telekanallary üçünji orunda durýar” diýip, balkanly habarmyz belleýär.

“Garaşsyzlygyň irki ýyllarynda rus mediasy ilat arasynda öz meşhurlygyny saklap galypdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen türk telewideniýesi, türk seriallary giň meşhurlyga eýe boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň üçünji habarçysy öz seljermelerini paýlaşýar.

Ýerli synçylar türkmen teleradiokanallarynda efire berilýän gepleşikleriň mazmunynyň hil taýdan pese gaçmagy sebäpli, ýurtda daşary ýurt media serişdeleriniň köp görülýändigini aýdýarlar.

“Türkmen metbugaty 1990-njy ýylyň ortalarynda halkdan arany açdy. Türkmenler ýerli kanallarda efire berilýän gepleşikleri, ýa-da teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlary içgysgynç hasaplaýarlar. Meselem, taryh mazmunly sahna eserinde Arkadagy öwmek nämä gerek!?” diýip, bir ýerli synçy aýdýar.

Rus medeniýetini öňe sürmek wezipesini öz üstüne alan “Russotrudniçestwo” agentligine görä, Türkmenistanyň ilatynyň 40 göterimi rus dilinde gepläp bilýär, ýa-da rus diline düşünýär. Türkmenistan bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gazagystandan soňra, ikinji orunda durýar. Şeýle-de agentligiň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 12 göterimi özüniň ene dilini rus dili hasaplaýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bu sanlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Ýurtda geçirilen iň soňky ilat ýazuwy etniki azlyklar boýunça resmi sanlary aýan etmedi.

2020/2021-nji okuw ýylynyň başlarynda Aşgabatda rus dilli synplary ýapmaga, rus mekdeplerini çäklendirmäge synanyşyk edildi. Şonda Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu ýagdaý boýunça Aşgabatdan düşündiriş sorandygyny mälim etdi. Ministrlik şonda emele gelen bu ýagdaýyň töweregindäki jemgyýetçilik aladalary boýunça rus häkimiýetlerine “haýyş bilen ýüz tutulandygyny” hem belledi.

Rus dilli synplaryň ýapylmagy barada çykan habarlar rus mediasynda garşylyk döretdi. “Wzglýad” neşiri rus dili bolmasa, Türkmenistanyň orta asyrlarda ýaşajakdygyny öňe sürdi, “Tsargrad” neşiri “Türkmenistanda rus diline garşy uruş yglan edildi” diýdi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde eden çykyşynda “Türkmenistanda rus diliniň sylag-sarpasy belentdir” diýdi.

“... Bu pursat peýdalanyp, Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ýurtda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdep bar, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebi hereket edýär, rus dili ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow rus kanun çykaryjylarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Biz rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýy baradaky söhbetdeşligi öňümizdäki gepleşigimizde hem dowam ederis!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenistan 4G LTE torunyň sanly hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmagy dowam etdirýär, Aşgabatda ilkinji gezek rus dili boýunça olimpiada geçiriler, Türkmenistanyň wekilleri BSG-e girmek bilen baglanyşykly okuwlary geçdiler we beýleki habarlar
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Türkmenistandan 600-den gowrak talyp Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýar
Formula Rossa özboluşly gezelenç
Petronas Aşgabatda kömekçi işgär gözleýär, Ahal welaýatynda Akhanyň heýkeli oturdylar, Fransiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar we beýleki habarlar