Türkmenistanda Respublika Baýramy Dabara Bilen Bellenilip Geçildi

Respublika baýramy Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde bilelikdäki Türkmen-Türk mekdebi tarapyndan guralanb çäre bilen başlady. Çärä Türkiýäniň Ilçisi Ahmet Demirok bilen bilelikde Türkmenistanda işleýän döwlet edaralarynyň wekilleri, okuwçylar we ene-atalar gatnaşdylar.

Hormatly dymyşlykdan we döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň çykyş eden Ilçi Demirok, Respublikanyň giň gerimli reformalar bilen güýçlenendigini aýtdy, ösýän ykdysady, güýçli demokratiýasy, gumanitar gymmatlyklara goýýan sarpasy bilen Türkiýe Respublikasynyň sebitinde we dünýäde ylham çeşmesi bolup durýandygyny beýan etdi.

Baýramçylyk çäresi okuwçylaryň mugallymlary bilen bilelikde taýýarlan ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi. Çärä Aşgabatda ýaşaýan türk we türkmen raýatlary uly gyzyklanma bildirdi. TRT-ä beýanat beren Ilçi Demirok, geçirilen çäreleriň ähmiýetini nygtady. Respublikanyň ýaşlaryn omuzlarynda hasam beýgeljekdigini nygtady.

Ilçi Ahmet Demirok: “Çagalarymyzyň gelejege ynam bilen garamagy taýdan şeýle çäreler biziň üçin möhüm ähmiýete eýe. Esasanda daşary ýurtlarda ýaşaýan çagalarymyzyň ýurtlary bilen bolan taryhy we medeni arabaglanşygy taýdan möhüm bolan çarelerdir. Çärä uly gyzyklanma bildirildi, uly şowhun-şatlyk bardy, çykyşlar iňňän çeperdi. Şeýle duýgulandyk. Çagalarymyz gelejegimiziň buýsanjydyr. Türkiýede we dünýäde ýaşaýan türk raýatlarynyň Respublika baýramyny gutlaýaryn” diýdi.

Baýramçylyk çäreleri Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçisiniň kabulhanasynda berilen Respublika bankedi bilen dowam etdi. Baýramçylyk bankedinde daşary ýurtly diplomatlaryň gutlaglary kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Uýgur Türkçesi - 2
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Uýgur Türkçesi
Boks Basleşikleriniň Legendar Alyp Baryjysy Aýhan Ginnesiň Rekordlar Kitabyna Girdi