Türkmenistanda Raýat kodeksiniň täze neşiri taýýarlanýar

Türkmenistanda Raýat kodeksiniň täze neşiri taýýarlanýar

Türkmenistanda Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 18-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky çykyşynda aýdyldy.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada hem aýdyldy.Bellenilişi ýaly, bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Estoniýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Efiopiýanyň ilçisi işe başlady
Daniýa Patyşalygy Türkmenistana täze ilçi belledi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belgiýa Patyşalygynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi