Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar

Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin 22 26-njy oktýabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan maliýe-bank ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Saudi Press Agency gullugynyň habar bermegine görä, Yslam ösüş banky Türkmenistanda rak keselini bejermäge ýöriteleşen üç sany döwrebap hassahananyň gurluşygy üçin 156,3 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bölüp berer. Bank tarapyndan degişli çözgüt makullanyldy.

Bellenilişi ýaly, täze, döwrebap hassahanalar ýurduň Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurlup, olar umumylykda, 11 müň 750-den gowrak hassany kabul etmäge niýetlener. Bu baradaky ylalaşyga Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Mohammed Al Jasser bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň arasynda bolan duşuşykda gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

27-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksporty 7,8 milliard dollara barabar boldy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy ICIEC-iň müdiri bilen duşuşdy
TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary