Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy we düýn agşam sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12 göterimi ses berdiler diýip MSK habar berdi.

Wagtlaýyn prezident Berdimuhamedow Aşgabatdaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ses berdi diýip TASS ýazýar.

Ol saýlaw merkezine arabaly 85 ýaşly ejesi bilen bardy we saýlawlary “taryhy” diýip atlandyrdy.

Onuň ogly we Demokratiýa partiýadan saýlawlara dalaşgär Serdar Berdimuhamedow hem 68-nji orta mekdepde ses berdi.

Türk mediasynyň ýazmagyna görä, 12-nji mart agşamy Türkiýäniň DIM-i beýannama ýaýradyp “Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň sesleriň köp bolmagy bilen parahatçylykda we asudalykda geçmeginden hoşal” diýdi.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin TASS-a beren interwiýusynda saýlawlaryň mydama hiç bir wakasyz geçendigini we bu saparam şeýle bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.

“Synçylar bar we olar öz jemlemesini ederler. Emma, meniň on ýyllarça tejribäm ähli saýlawlaryň gaty guramaçylykly geçýändigini görkezdi. Bellemeli zat, türkmen tarapy ähli zady-saparlary gurnamakdan tä çäreleri geçirmegi ýokary derejede gurnaýar”.

Şol bir wagtda, 8-nji martda ÝHHG-niň demokratiýa we adam hukuklary boýunça gurluşy Türkmenistanda geçýän irki prezidentlik saýlawlaryna synçylaryny ýollamazlygy maslahat beripdi.

Şeýlede bu karar guramanyň saýlawlarda köppikirliligi goldamak we esasy adam hukuklaryna hormat goýmak barada maslahatlaryny Türkmenistanyň äsgermezçilik etmegi bilen ilteşikli diýip Azatlyk radiýosy habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlarda ýaşaýn türkmen aktiwistleri we oppozisiýa toparlary 12-nji martdaky prezidentlik saýlawlaryna öz dalaşgärlerini hödürläp, onlaýn ses berlişikler geçirendiklerini habar berdiler.The post Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Kamçatkada 19-njy dekabrda ýiten An-2 uçary tapyldy
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär
Ýaponiýada guş dümewi sebäpli 170 müň towuk ýok ediler
Dünýäde azyk önümleriniň nyrhy soňky 1,5 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Botswananyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Russiýa Türkmenistandan ýabany bars getirmek boýunça gepleşikler geçirýär