Türkmenistanda prezidentlige ýene-de iki sany dalaşgär SEG-nyň we ylmy-önümçilik merkeziniň başlyklary boldylar

Türkmenistanda prezidentlige ýene-de iki sany dalaşgär  SEG-nyň we ylmy-önümçilik merkeziniň başlyklary boldylar

19-njy fewralda Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň inisiatiwa toparlarynyň ýygnaklary geçirilip, olarda prezidentlige dalaşgärler hödürlendi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Ahal welaýatyndaky ýygnakda Babadaýhan etrabynyň sanitariýa-epidemelogiýa gullugynyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Öwezgeldiýew prezidentlik kürsisine dalaşgär boldy.

Dalaşgäriň ýeten sepgileri hökmünde 2007-nji ýylda Aşgabatdaky döwlet medisina uniwersitetini tamamlandygy, soňra welaýatdaky sanitariýa-epidemologiýa gullugynda işländigi, 2018-nji ýyldan bäri oňa ýolbaşçylyk edýändigi bellenýär.

Mary welaýatynda bolsa, Döwlet energiýa institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň başlygy Kakageldi Saryýew iň ýokary wezipä dalaşgär boldy.

Saryýew 1999-njy ýylda Energiýa instittutyny tamamlady. Goşun gullugyndan gelenden soňra Marydaky maşyn gurluşyk zawodynda injener bolup işleýär, 2002-nji ýyldan “Döwlet energiýa institutynda dürli wezipelerde işleýär”.

Mundan owal Demokratik partiýa Serdar Berdimuhamedowy prezidentlige teklip etdi we Oba hojalyk partiýasy bolsa, Mary welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy iň ýokary kürsä dalaşgär boldy.

Balkan welaýatynda “Awaza” dynç alyş şypahanasynyň baş lukmany Milli Geňeşiň deputaty Berdimämmet Gurbanow, Lebap welaýatynda bolsa, maliýe -ykdysady ýöriteleşdirilen orta mekdebiň ýolbaşçysy Perhat Begenjow prezidentlik wezipesine dalaşgär boldylar.

Häzire çenli resmi taýdan yglan edilmegine görä, jemi 6 sany dalaşgär hasaba alyndy.

Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryna daşary ýurtlardaky oppozisiýa wekilleri hem gatnaşmak isleýändiklerini yglan edýärler.

Türkmenistanly belli atşynas we öňki syýasy tussag Geldi Kärizow alternatiw saýlawlar we elektron ses berlişigi geçirmekçidigini aýdýar.Ol häzirki döwürde “Türkmenistanyň raýatlarynyň Hukugy we Azatlygy” guramasynyň agzasy.The post Türkmenistanda prezidentlige ýene-de iki sany dalaşgär SEG-nyň we ylmy-önümçilik merkeziniň başlyklary boldylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
PREZIDENT SAÝLAWLARYNYŇ JEMLERI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY