Türkmenistanda prezidentiň portretlerini ýyllyk täzelemek üçin mekdep okuwçylaryndan pul ýygnadylar

Türkmenistanda prezidentiň portretlerini ýyllyk täzelemek üçin mekdep okuwçylaryndan pul ýygnadylar

Ýylyň başynda döwlet we býujet edaralarynda şol sanda, mekdeplerde, okuw jaýlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini täzelediler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Her ýylyň ahyrlarynda çaphana täze saç stilli we täze penjekli prezidentiň portretlerini çap edýär. Ilki bilen portretler welaýatlaryň medeniýet müdirýetine gelip gowuşýar. Ol ýerdenem söwda nokatlaryna, edaralara we guramalara paýlanýar.

Olar mekdepleriň girişinde, ýygnak geçýän zalynda we her synpyň otagynda asylýar.Mekdebiň girişinde asylýan portretiň aşagyndaky ýuka fonary diwara çüýläp,türkmen halysynyň gölleri bilen reňkleýärler. Şol portretiň daşyndaky agaç germewi altyn çaýylan bolmaly. Şol “halynyň” gapdalyna baýdagyň, gimniň teksti we gerbiň suraty goýulýar.

Portretiň ýanynda bir okuwçy nobatçylyk çekip, sapaklar we arakesme üçin jaň kakýar.

Hut şeýle tertipde her hökümet mejlisinde prezidente hasabat berýän wise-premýerleriň we beýleki emeldarlaryň otaglary hem “bezelýär”.

Çoganlyda ýerleşýän Aşgabadyň 54-nji mekdebinde portretler üçin 2 manatdan ýygnaýarlar. Olaryň bahalary göwrümine, kagyzyň hiline we germewiniň hiline ýa bardygyna bagly.

Synpa ýolbaşçylyk edýän mugallymlar eýýäm, bar bolan germewleri ulanyp, portretleri 10-15 manatdan satyn alýarlar.

Her synpda 25-30 okuwçy bolýar. Bu däbe ene-atalar düşünjeli garaýarlar. Emma, iki manat köp. Sebäbi,onuň bahasy bolmalysyndan 4-5 esse gymmat, hatda, synp otagynyň daşardakylary hasaba alanyňda hem diýip hasaplaýarlar.

Lebap welaýatynyň oba mekdeplerinde okuwçylardan 5 manatdan topladylar.ÝOJ-niň studentlerinden bolsa,portretler üçin 30-50 manatdan ýygnaýarlar. Muny olaryň ýolbaşçylary portretiň töweregini çeper bezemek bilen düşündirýärler. Oňa haly, mahmal tuty we baýdaklar hem girýär.

Lebap welaýatynyň sülçileriniň we prokurorlarynyň öz hasabyna satyn alýan, otaglaryndaky portretler hem hala berkidilýär. Onuň ýanynda gimniň we kasamyň tekstlerini, baýdagyň hem gerbiň suratlaryny asýarlar.

Lebap welaýatynyň mekdep synplarynda prezidentiň täze portretleri eýýäm,peýda boldy diýip “Azatlyk” radiosy, habar berdi. Daşy germewli portretleriň bahasy 100, germewsizler bolsa, 50-60 manada deň.

The post Türkmenistanda prezidentiň portretlerini ýyllyk täzelemek üçin mekdep okuwçylaryndan pul ýygnadylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Mekdepler gyz okuwçylaryň 'prezident sowgadyny' ýaşyl mata üçin saklap galýar
Türkmenabadyň mekdepleri barlanýar, kemçilikleri düzetmek talap edilýär
Orta mekdeplerde okuwlar duýdansyz gaýtadan başlady
Aşgabatly mekdep uçurymlary mugallymy zäherlemekde güman edilýär - olar para üçin "jeza bermek isläpdir"
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi
Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy