Türkmenistanda petank oýny barha meşhurlyk gazanýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp petank oýny boýunça -3rd Ashgabat Tissot Open 2017 üçünji halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşda hatarynda Batyr Kadyrow, Oleg Osadçiý, Aleksandr Şumskiý we Alewtina Gorewa bolan paýtagtymyzyň Syýahat“ topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny ELF fransuz kompaniýasynyň topary eýeledi. Üçünji ýer ugrundaky çekelşikli bäsleşikde MTS“ topary Berkarardan“ üstün çykdy.

Ýaryşa 20 topardan 60-dan gowrak türgen gatnaşdy.Bije atylmagy bilen olar hersinde 5 topar bolan 4 toparça bölündi.Her toparçadan iki topar indiki tapgyra çykyp, utulan-çykdy“ görnüşde ýaryşy dowam edýärdi.

Club Petanque TКM agza bolan türmen petankçileriniň 9 toparyndan başga-da, ýaryşa bu meşhur oýny yzygiderli oýnaýan daşary ýurt kompaniýalarynyň we Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň ilçihanalarynyň işgärleri-de gatnaşdylar.

Bäsleşik tamamlanandan soň baýrakly orny eýelänlere we iň gowy oýunçylara medallar, hormat hatlary we hemaýatkärlerden gymmatly sowgatlar, oňa gatnaşanlaryň ählisne bolsa- ýadygärlik sertifikatlary gowşuryldy.

Petank Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşidir. Şeýle bolsa-da, 2014-nji ýylda Tailandda geçirilen 4-nji Aziýa kenarýaka oýunlarynda (4th Asian Beach Games Phuket 2014) halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eden milli toparymyz bürünç medal eýeläpdi.

Şeýle üstünlik halkara bilermenleriniň we sportuň şu görnüşiniň ussatlarynyň ünsüni Türkmenistanyň toparyna çekipdi. Türgenlerimiz dürli halkara ýaryşlaryna yzygiderli çakylyk alýarlar. Sportuň bu görnüşine isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Petank federasiýasyny döretmek boýunça işjeň iş alnyp barylýar.

Sportuň beýleki görnüşleriniň köpüsinden tapawutlylykda petank oýnuna gatnaşýanlaryň ýaşy çäklendirilmeýär. Oýnuň düzgünleri sada, birneme kýorlinge meňzeş, ýöne ol 4х16 metr ölçegli toprakly ýerde oýnalýar. Howluda şeýle meýdança etmek kynam däl. Meselem, şu oýnuň muşdagy Zinowiý Arşawskiniň öýüniň ýanynda döreden petank üçin ilkinji meýdançalarynyň biri has meşhurlyk gazandy.

Oýun iki toparyň arasynda 13 utuga çenli dowam edýär.Demir şary agaç şara-koşonete“ golaý baran topar ýeňiş gazanýar.Daşyndan ýönekeý görünse-de, ol ünsüňi bir ýere jemlemegi, takyklygy we gujurlylygy talap edýär.

Agramy ýarym kilogram demir şary 6 metrden gowrak aralykdan gerekli ýere eltäýmek, onda-da gyzlara aňsat düşmeýär.Petanky iki ýa-da üç adamly topar bolubam, ýekelikde-de oýnasa bolýar. Ýekelikde, iki bolup, garyşyk, şeýle hem tir“- 6-9 metrden şarlary dürs urmak boýunça ýaryşlar geçirilýär.

Türkmenistanlylaryň bu oýna has köpüsiniň imrinmegi- sagdyn durmuş ýörelgesiniň has meşhurlyga eýe bolýandygyna, ildeşlerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesiniň artýanlygyna şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Asia miх topary petank boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi
Türkmen petank ussatlary Ashgabat Tissot Open 2018 ýaryşynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň wekilleri kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda iki altyn medal gazandylar
Milli Ştangaçylar 1 Altyn, 3 Kümüş Medal Aldy
Construction and architecture of Turkmenistan: new development trends