Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümetiň 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär.
BMG-niň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar.Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmagy tabşyrdy.