Türkmenistanda pagta ýagyndan maýonez we margarin mesgesi öndürilip başlandy

Türkmenistanda pagta ýagyndan maýonez we margarin mesgesi öndürilip başlandy

Türkmenistanda ýerli pagta ýagyndan maýonez we margarin öndürilip başlandy. Aşgabat.in bu önümçiligi ýurtda ilkinji bolup Owadan ülke kärhanasynyň ýola goýandygyny habar berdi.

Neşiriň ýazyşy ýaly, geçirilen ilkinji synaglar pagta ýagyndan öndürilen önümleriň hiliniň we tagamynyň günebakar ýagyndan öndürileninden kem däldigini görkezdi.

Owadan ülke zawody beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda önümleriniň görnüşini yzygiderli artdyrýar.Zawot ESMO belgili 25% we 40% ýagly maýonez önümçiligini özleşdirdi. Şu ýylyň fewral aýynda çigit ýagyny gaýtadan işleýän we Hazyna ady bilen maýonez öndürýän bölümde dürli tärde bişirilýän iýmit taýýarlamak üçin ösümlik-mal ýagy garyndysynyň dört görnüşi öndürilip başlandy.

Bu önüm süýt ýagyna we ösümlik (günebakar, zeýtun, mekgejöwen, palma we ş.m.) ýaglaryna, dürli maddalar, meselem, gaýmak, süýt we aýran goşulmagy bilen öndürilýär.

Ýerli çig malyň arassalanan pagta ýagynyň esasynda zawodyň işgärleri soýa we daşary ýurt goşundylaryny goşmazdan, Nur we Mylaýym söwda ýarlyklary astynda kakaoly we hozly ajaýyp tagam berýän tebigy mäjumyny we Nur hem Hazyna ýarlykly saryýag öndürmäge başladylar.

Ýene degişli makalalar

“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
Hiliň ýeňşi: Owadan Ülke FoodWeek Uzbekistan 2024 halkara sergisinde abraýly sylaga eýe boldy
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Türkmenistanda pagta çigidinden margarin ýagy öndürilip başlandy
“Owadan ülke” kärhanasy täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy