Türkmenistanda pagta çigidinden margarin ýagy öndürilip başlandy

Türkmenistanda pagta çigidinden margarin ýagy öndürilip başlandy

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup pagta çigidinden margarin ýagynyň önümçiligini ýola goýup, täze önümi bilen ýurdumyzyň söwda nokatlaryny üpjün edip başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni öz işine başlan sergide kärhananyň wekili Kerim Amanmyradowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna göra, täze önüm 62%, 67% we 82% ýaglylyk derejelerinde öndürilýär. Margarin ýagy 200 gr we 250 gr kiçi gaplara, şeýle hem 10 kg we 20 kg uly gaplara gaplanýar.

Kärhananyň täze açylan önümçilik bölüminde günde 20 tonna çenli önümi gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Önümçilikde ulanylýan pagta çigidi ýurdumyzyň daýhanlaryndan satyn alynýar.

Şeýle hem, “Owadan ülke” kärhanasynda “Hazyna” haryt nyşanly şokolad goýaltmasy hem öndürilip başlandy.

Kompaniýa 2016-njy ýylda döredilip, häzirki wagtda bu ýerde 170-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geljekde öz önümini daşary ýurt bazarlaryna eksport etmegi meýilleşdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy
Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen howanyň üýtgemegine degişli meseleleri maslahatlaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli taryhy barada täze kitabyny tanyşdyrdy