Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň(YA) tehnologiýa merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri buýan kökündäki glissirrizon kislotasy bolan önümleriň reseptini taýýarladylar diýip 17-nji fewralda “Türkmenistan:altyn asyr” maglumat beripdi.
Şol sanda, “Bereketli” söwda merkezinde çörek önümlerine buýan köküniň ekstraktyny gatyp başladylar. Şeýlede tiz wagtda “Berzeňgi” kärhanasynda öndürilýän mineral suwa goýy we gury ekstrakty gatyp başlarlar.
Täze işlenip taýýarlamalar beýleki ösümliklere hem degişli. Türkmen alymlary “ýandagyň gury ekstraktyny” aşgazan-içege we damar kesellerini berjermek üçin ulanmagy arkaýyn maslahat bermegiň mümkindigini subut etdiler.
2020-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Germaniýanyň Essena uniwersitet keselhanasynyň alymlary buýan kökündäki kislotanyň COVID-19 bitaraplaşdyrýandygy barada teoriýany öňe sürdiler.Mundan 5 gün soňra prezident Berdimuhamedow meseläni öwrenemgi we degişli derman kärhanasyny gurmagy buýrupdy.
Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenabatdaky “Buýan” agrosenagat kärhanasynda buýan kökünden glissirin kislotasyny işläp taýýarlaýan zawodyň gurluşygyna başlanmalydy.
Prezidentiň beýanatyndan soňra hökümet tarapdary bolan neşirlerde buýan köküniň ähmiýeti we onuň koronawirusy ýok edýändigi barada makalalar çap edilipdi.
2021-nji ýylyň sentiýabrynda “Türkmendermansenagat” edarasynyň dermanlar boýunça “Saglyk” kärhanasy buýan kökünden derman öndürip başlady.
Buýan köküne çenli ýurtda koronawirusa garşy üzärlik giňden ulanylýardy. Üzärligiň saglygy peýdalary barada prezidentiň kitaplarynyň birinde gürrüň berilýär we onuň görkezmesi bilen bakteriýalary ýok etmek üçin binalaryň içinde üzärlik ýakypdylar.
Türkmenistanyň YA-niň himiýa institutynyň işgärleri briketlenen üzärligi’ брикетированной гармалы işläp taýýarladylar. Şonuň ýalyda, ýurtda üzärlik gatançly suwuk sabyn жидкого мыла öndürip başladylar.The post Türkmenistanda owal Covid-19 bejermäge teklip edilen buýan ekstrakty gatylan çöregi we mineral suwy çykarmaga başladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.