Türkmenistanda orta mekdeplerde gyssagly howpsuzlyk çäreleri geçirilýär

Türkmenistanda orta mekdeplerde gyssagly howpsuzlyk çäreleri geçirilýär

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde berk gözegçilik we howpsuzlyk çäreleri berjaý edilýär. Okuwçylaryň el goşlaryndan başlap, mugallymlaryň mobil telefonlaryna çenli barlanýarlar. Azatlygyň habarçylaryna görä, bu ýagdaý Lebap, Ahal we Mary welaýatlarynyň mekdeplerine degişli.

15-nji aprelden başlap, mekdeplerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek, sapak başlamazdan öň okuwçylaryň ähli el goşlaryny barlamak we gadagan edilen serişdeleri (şol sanda el telefonlaryny) ellerinden almak we haýdan-haý olaryň ata-enelerine habar bermek, mugallymlaryň el telefonlaryndan ähli sosial ulgamlaryny öçürmek we mugallymlaryň el telefonlaryny iş güni gutarýança mugallymlar otagynda sumkalarda ýa-da ýörite seýflerde goýmak, mekdeplerde islendik howply ýa howp abanaýjak ýagdaýda polisiýa jaň etmek, mugallymlara we okuwçylara bu täze talaplar hakynda öz aralarynda we mekdepden daşarda gürrüň etmezlik ýaly çäreleri geçirmek tabşyryldy diýip, bilim pudagynyň wekilleri bilen gürleşen habarçylarymyzyň maglumatlarynda aýdylýar.

Anonim gürleşen bilim wekillerine görä, buýruk 14-nji aprelde irden gelipdir.

"14-nji aprelde irden ýekşenbe günüdigine seretmezden, etrap bilim bölümlerinden birnäçe mekdep müdirlerine gyssagly buýruk habary geldi" diýip, çeşmeleriň biri habar berýär.

Bu çäreleriň näme sebäpden we nähili maksat bilen edilýändigi barada resmi düşündiriş bolmady. Ýurduň bilim we howpsuzlyk resmileri we habar beriş serişdeleri howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigi barada maglumat ýaýratmadylar.

Mekdeplerde gözegçiligiň güýçlendirilmegi tutuş ýurtda umumy howpsuzlyk şertleriniň yzygiderli pugtalandyrylýan döwrüne gabat gelýär. Martyň aýagynda Moskwada bolan terrorçylyk hüjüminiň yzýany Türkmenistanda köçe gözegçiligi artdyryldy, dinçilere basyş güýçlendi we metjitlere üýşmezlik tabşyryldy. Bir hepde mundan ozal goňşy Eýrandaky harby dartgynlygyň fonunda türkmen-eýran serhedinde hüşgärlik derejesi güýçlendi.

14-nji aprelde Eýran Ysraýyla raketaly we pilotsyz uçarlary bilen hüjüm amala aşyrdy.

Azatlyk bilen anonim gürleşen bilim bölümlerindäki we içeri işler edaralaryndaky resmilere görä, häkimiýetler dünýädäki dartgynlylygyň fonunda ýurduň içinde hem durnuksyzlygyň döremeginden howatyr edýärler.

"Resmi ýolbaşçylar Moskwadaky ýaragly hüjümden soň, şeýle hem goňşy Eýrandaky harby dartgynlygyň, ýurduň öz içindäki agyr ykdysady krisiziň has ýitileşmeginiň, azyk önümleriniň ýyldyrym tizliginde gymmatlamagynyň fonunda ýurt içinde sosial we soňy bilen syýasy nägilelikleriň, protestleriň döremek ähtimallygyna uly alada bildirýärler. Şonuň üçin ýurtdaky howpsuzlyk çärelerini görlüp-eşidilmedik derejelere ýetirýärler" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Soňky günlerde orta mekdeplerdäki gözegçiligiň çäginde okuwçylaryň we mugallymlaryň mobil telefonlary barlanýar we olardan peýdalanmak mümkinçiligi çäklendirilýär. Çeşmeler muny häkimiýetleriň ilatyň sosial mediadaky aktiwligi bilen bagly aladalary bilen baglanyşdyrýarlar.

"Oraza aýynyň aýaklarynda metjidlerde ilatyň göz-görtele köpelmegi, berk petik astynda galýan sosial torlarda ilatyň hut içinden ýiti sosial, ykdysady we syýasy meseleler boýunça ýarym açyk görnüşde pikir alşyp başlamagy ataly-ogul Berdimuhamedowlary dowla saldy.

Netije-de, haýdan-haý ähli mekdeplere mugallymlara okuwçylar bilen mekdebiň çäginde, şeýle hem mekdebiň daşynda maşgala agzalary bilen ýurtdaky ýiti syýasy, ykdysady we sosial meseleleri, yzy üzülmeýän çäklendirmeleri ara alyp maslahatlaşmazlyk, problemalar hakynda hiç hili gürrüň edilmezlik hakynda buýruk geldi" diýip, etrap bilim bölüminiň işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen bilim wekillerine görä, soňky wagtda ilatynyň, aýratynam oba ýaşaýjylarynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has pese gaçýan wagtynda, ýokardan gelýän köpsanly çäklendirmeler mekdep mugallymlaryň arasynda nägilelik we garşylyk döredýär.

"Dogrudanam, soňky hepdelerde welaýatyň ençeme oba we çetki etraplarynda mekdep mugallymlarynyň arasynda täze gelýän senzura talaplaryna nägilelik döredi.Mugallymlar kadaly iýmitlenmäge, egin-eşik almaga we kesellerini bejertmäge gurby ýetmeýän okuwçylaryna haýsy ýüz bilen 'biziň ýurdumyzda hemme kişi bagtyýar ýaşaýar, hiç hili kemçiligimiz ýok' diýmelidiginden zeýrenip, soňky gelen 'gürrüň etmezlik buýrugyna' garşy bolýandygyny aýdýarlar.

Olar okuwçylarynyň ähli bolup geçýän wakalara olaryň özleriniň pikir bildirmeklerine hukugy bar diýip pikir edýärler" diýip, welaýat bilim edaralarynyň biriniň işgäri aýtdy.

Ýaňy-ýakynda bilim ministrliginiň işgärleri Aşgabatda orta mekdepleriň mugallymlary bilen ýygnaklary geçirip, ýurtda bolup geçýän wakalar, şol sanda mekdebiň çäginde bolup geçýän hadysalar barada hiç ýerde, hatda öýde hem gep-gürrüň etmezligi talap etdiler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary oba ýerlerinde ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilat, şol sanda hem mugallymlar, hem okuwçylar soňky bolýan wakalar barada tas aç-açan görnüşde gürrüň edýär diýýärler.

"Çagalar kör, ker we lal däl ahyryn, baran ýeriň parahorluk, gymmatçylyk, böwet üstüne böwet, ilatyň pikirini diňlemegiň deregine diňe repressiýa, diňe basyş, diňe gorky döretmek. Olar muny gündelik durmuşda görýärler. Bu hili aç-açan ykdysady we sosial pese gaçyşy görmezligiň özi mümkin däl!" diýip, mugallym gürrüň berdi.

Ilatyň problemalaryny, şol sanda ykdysady kynçylyklaryny görmezlige salýan türkmen hökümeti ýyllarboýy ilata nägilelik bildirmez ýaly basyş edip gelýärler, pikirini beýan edýänleri yzarlaýarlar, garaşsyz habar çeşmelerini petikleýärler, ilatyň geplemek, habar almak ymtylmalarynyň öňüni almaga çalyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'
Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär
Türkmenabatda ulanmaga berlen täze jaýlar ýerli ýaşaýjylarda birnäçe sorag döretdi
Çeşme: Prezidentiň açan täze zawodyna täze işgärler alynmaýar