Türkmenistanda orta asyra degişli suw desgasy abatlanylýar

Türkmenistanda orta asyra degişli suw desgasy abatlanylýar

Türkmenistanda özboluşly taryhy ýadygärlik — orta asyra degişli suw desgasy bolan sardoba abatlanylýar diýip, MIR 24 habar berýär.

Bu sardoba Aşgabadyň golaýyndaky Änew galasynyň çäginde ýerleşýär. Bir mahallar ýerli ýaşaýjylar bu ýerde suw we buz saklapdyrlar. Desga häzir ýeriň aşagynda — galyň gatlalaryň astynda. Alymlaryň pikiriçe, ol XIV-XVI asyrlarda Timuridler neberesiniň döwründe gurlupdyr.

Soňky on ýylda taryhy we medeni mirasyň 46 obýekti Türkmenistanyň Döwlet sanawyna girizildi. Umuman alanyňda bolsa, sanawda binagärlik ýadygärlikleriniň bir ýarym müň töweregi hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Işmetow Özbegistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy bellendi
'Çagalar öýünde gören görgülerim'. Türkmenistanda ýetim çagalar zorluga duçar bolýar
Mehemmed Hüseýin Şehriýar
Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar